176
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: “Ylma, bilime, medeni diplomatiýa döwlet syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys. Bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ylym, bilim, medeni diplomatiýamyzyň möhüm gurallarydyr. Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek zerurdyr. ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdeplerimiziň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir” [2, 1 s.] diýen parasatly sözleri halkymyzyň geçmişden geljege uzaýan aýdyň maksatly ýollarynda alnyp barylmaly ýokary wezipeleri kesgitlemek bilen birlikde baý medeni mirasynyň bütindünýä gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy babatda döwlet tarapyndan edilýän taýsyz tagallalary aýdyň görkezýär.
Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde türkmen halkynyň “Küştdepdi” milli sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bu şatlykly habar milli mirasymyzyň bütin dünýäde ykrar edilen medeni gymmatlyklarynyň sanynyň artmagyna getirdi.
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli hyz
matdaşlygyny ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir. Bu syýasat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda ÝUNESKO bilen bilelikde medeniýetiň maddy we maddy däl görnüşlerini gorap saklamak we olary geljekki nesillere aýawly ýetirmek boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda “Küştdepdini” kämil sungat eseri hökmünde häsiýetlendirip, onda milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalarynyň saklanyp galandygyny, şol bir wagtda, döwrebap ruhy öwüşginleriň öz mynasyp ornuny tapýandygyny, türkmen halkynyň milli pelsepesiniň, ýaşaýşa synmaz söýgüsiniň beýan edilýändigini belläp, şeýle ýazýar: “Häzirki döwürde küştdepdiniň birnäçe görnüşi bellidir. Sungaty öwrenijiler bu tansyň örän çylşyrymly we çuň mazmunly halk döredijilik eseridigini tassyklaýarlar. Sebäbi küştdepdide tans etmäge utgaşdyrylyp, halk döredijiliginiň zikir çekmek, sanawaç sanamak, gazal aýtmak ýaly görnüşleri hem ussatlarça ýerine ýetirilýär” [1, 196 s.].
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary hem-de tutuş türkmen halkyny aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar bilen begendirdi. Çözgüdiň kabul edilmeginiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň bardygy aýratyn bellärliklidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: “Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhynda uly waka boldy” [4]. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň Çözgüdinde sungatyň bu görnüşiniň “hoşniýetli duýgulara we arzuwlara daýanýan döredijilik şygryýetiniň ýerine ýetirijilik sungatynda möhüm orun eýeleýändigi”, onuň “özboluşly wokal aýdymyny we elleriň hereketlerini, ökjeleriň aýdymyň owazy bilen sazlaşygyny emele getirýändigi” [5] deslapdan bellenilýär. Bu, hakykatdan-da, şeýledir, “Küştdepdi”sungatynyň esasyny onuň gazallary, ýagny şygryýet emele getirýär. Diňe gazal däl, aýdylýan gazalyň ritmine, hereketine laýyklanylyp ýerine ýetirilýän tans hereketleri bu sungatyň ýüzüni görkezýär. Hut şonuň üçin hem, oňa hereketli we sözli halk döredijilik mirasynyň nusgasy diýýäris. Çözgütde-de nygtalyşy ýaly, “aýdymçylar we tansçylar bu özboluşly dabaranyň esasyny düzýärler. Olar sungat äleminde tejribe toplan we aýdym aýtmagyň, joşgunly tans etmegiň ýokary derejesine ukyply sungat ussatlarydyr”. Bu hereketli, goşguly (dilden aýdylýan) halk döredijilik görnüşi köpçülik tarapyndan guralýan aýdymly, tansly halk dessury bolup, onuň esasy häsiýetli tarapy köpçülik, ýagny aýdyjylar – gazalçylar, hem-de tans edijiler – küşt depijiler tarapyndan ýerine ýetirilýänligidir.
Tansçylar bellibir sazlaşykda tans hereketlerini ýerine ýetirýän pursatlary, bu dessury has şowhunly etmek üçin, olaryň tans etmek bilen utgaşyklylykda aýak sesine sazlaşdyryp gazal aýtmaklary bilen birlikde, özi tansa gatnaşman, tansçylaryň gapdalyndan gazal aýdýan ýörite gazalçylar hem bolýar. Bu onuň ilki dörän döwürlerinden başlap, häzirki günlerimize çenli dowam edýän ýagdaýydyr. “Küştdepdi” toý dessury hökmünde köpçülik tarapyndan ýerine ýetirilse-de, onuň gazalçylarynyň, şeýle hem, tansçylarynyň arasyndaussatlyklary bilen aýratyn tapawutlanýanlary bolýar.
Hazarýaka türkmenleriniň arasynda Molla Bazar diwana, Ysmaýyl Gylyç ogly, Aky Berkeliýew, Gandym Meredow, Geldi Meläýew, Tärli Goturjaýew, Ogulbagt Durdyýewa, Oguljemal Gurbanýazowa, Arazbagt Arazowa ýaly ençeme gazalçy hem tansçylar ir döwürlerden başlap, soňky döwürlere çenli il arasynda uly şöhrata eýe bolupdyrlar. Ussat gazalçylar, meşhur tansçylar bu dessury nesilden-nesle geçirenlerinde, özlerinden öňki ussatlardan pata alypdyrlar. Häzirki döwürde bu ajaýyp dessurda gazaly we tansy ussatlarça ýerine ýetirýän adamlar babatda gürrüň edilende: “Ol pylanydan ak pata alan gazalçydyr (tansçydyr)” diýilmesi ýöne ýerden däl. Bu ýagdaý her bir gazalçydyr tansça ak pata berýäniň jogapkärli çe
meleşýändigini aňladýar. Bu barada Çözgütde: “Oňyn tejribe bilen baglanyşykly bilim we ukyp-başarnyklar ussat ýerine ýetirijiler tarapyndan höwesjeň artistlere geçirilýär. Ol dilüsti bilen öwretmegiň we tejribede görkezmegiň esasynda amala aşyrylýar” [5] diýlip, ýörite bellenilip geçilýär.
Ussat gazalçylar ýa-da tansçylar öz şägirtlerine ak pata berenlerinde, olara aýratyn sargytlar hem edýärler. Şeýle sargytlaryň hatarynda “Küştdepdi” dessurynyň köpçülikde ýerine ýetirilýändigi we onuň gazalynyň (küşt depilip durlan halatynda) dessine düzüliş häsiýetine eýe bolmagy bilen baglanyşykly. Halypa şägirde gazal aýdanda, onuň köpçüligiň göwnünden turmajak sözleri ulanmazlygyny, küşt depende, tans edende, märekäniň oňlamajak hereketlerini etmezligi berk sargaýar. Bu ýagdaý, halkyň milli häsiýetini aýdyň açyp görkezmekden ötri, ol halkyň ruhy medeniýetiniň näderejede ynsanperwerlige ýugrulandygyny doly ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň bar-şynda kabul edilen Çözgütde hem aýratyn nygtalyşy ýaly: “Küştdepdi” dessury ruhy we medeni gymmatlyklar esasynda nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy emele getirýär” [5]. Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän bu halk döredijilik mirasynyň häzirki zaman nusgalarynyň gazallary hem, ony ýerine ýetirijiler bilen birlikde, tomaşaçylaryň aňynda müdimilik orun alýar. Bu bolsa nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygyň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär.
Küştdepdiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň nusgawy sanawyna girizilmegi, bu halk döredijilik mirasynyň diňe bir türkmen halkynyň medeni, ruhy gymmatlygy bolman, eýsem, onuň umumadamzat medeni mirasynyň maddy däl gymmatlygydygyny hem ýüze çykarýar, çünki Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: “Küştdepdiniň hereketlerinde, gazalynda, heňiniň dürli öwüşginlerinde halkymyzyň baý taryhy we gatbar-gatbar pelsepe dünýäsi birin-birin açylyp görkezilýär” [1, 196 s.].
Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň esasyny, ilkinji nobatda, hereket emele getirýär. Küştdepdiniň hereketiniň depginine görä, “bir depim”, “üç depim” ýaly görnüşleri meşhurdyr. Onuň ýerine ýetiriliş mazmunyna görä, “zemzem”, “zikir” ýaly görnüşlere bölünýändigi hem soňkurak çeşmelerde bardyr. Küştdepdiniň aýdymyna, ýagny gazalynyň heňine görä, depimler özara sazlaşýar. Hereketiň ritmi hereketiň depginini ýüze çykarýar. Gazalçy özüniň ýerine ýetirýän gazallary, ýagny aýdymy arkaly tansçylaryň, ýagny küşt depijileriň depginini sazlaýar. Küştdepdiniň gazalyny aýdymçy-gazalçynyň ýerine ýetirýän aýdymy (gazal bentleri) düzýär. Aýdymçy gazal aýdanda, onuň gapdalynda gazalyň “ähhä-ähhäsini, ühhä-ühhäsini” berýän ýörite gazalçy-ýardamçylar bolýar. Olaryň hem gazalaýtmakdan oňat başlary çykyp, gazal aýdylyp durka, onuň niresinde, haýsy setiriniň soňunda “hähini” bermelidigini bilýärler.
“Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň sanawa girizilmegi, Çözgütde bellenilişi ýaly, “ylmy barlaglaryň, ylmy gyzyklanmalaryň şu ugruň we beýleki ugurdaş usullaryň ösdürilmegini şertlendirýär” [5]. Bu ýagdaý ýurdumyzda, milli mirasyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bu dessuryň hem beýan edilişiniň ylmy-barlag mümkinçiliklerini ýokary derejelere ýetirmäge ýardam edýär.
Şeýle hem, “bu ugur boýunça okuwlar 2009-njy ýyldan başlap, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamasyna goşuldy hem-de bu dessuryň häzirki derejesi hakyndaky maglumatlary toplamak üçin gözleg işleri ýygy-ýygydan guralýar” [5]. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde “Küştdepdi” bilen bagly maksatnamalaýyn işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylmalydygyny aýdyň ýüze çykarýar.
Çözgütde “Küştdepdi” dessurynyň “dürli ýaşdaky we derejedäki adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýandygy hem-de sabyr-kanagaty, adamlaryň arasynda birek-birege bolan hormaty berkidýändigi, munuň medeniýetleriň we nesilleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berýändigi” [5] hem bellenilýär. Hakykatdan hem, “Küştdepdi” ýerine ýetirilende, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki adamlar gatnaşmak bilen, olar bir maksatdan – köpçülige şatlyk paýlamakdan, olaryň ruhuny götermekden ugur alýarlar. Sabyr-kanagatlylyk, birek-birege bolan hormat-sylag diňe bir gazaldyr tansa gatnaşyjylar tarapyndan däl, eýsem, oňa tomaşa edýänler tarapyndan hem aýdyň duýulýar. Munuň özi ynsanperwerlik terbiýesiniň kämil derejelere göterilmegi bilen häsiýetlenýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen Gutlag hatynda nygtaýşy ýaly: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklary giňeltmegi umumymedeni giňişligi döretmegiň, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň bitewi ulgamynyň möhüm bölegidir. Ol syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär” [6, 1 s.].
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gözbaşyny ençeme müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarynyň, şol sanda, aýdym aýtmagyň, tans etmegiň, onuň meşhur görnüşi bolan “Küştdepdi” milli sungatynyň dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda uly şöhrata eýe bolmagy taryhy hakykatdyr. Muny türkmen halkynyň umumadamzat medeni gymmatlyklara goşan goşandy hökmünde bu gün dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Gülälek Hangeldiýewa,
Türkmen döwlet maliýe instituty.