img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Körpeler üçin ýumuşlar

162

...

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu döwlet bilim resminamasynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berler. Şu maksat bilen, innowasion tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, okatmagyň ösdüriji, sungat ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw işinde giňden peýdalanmak ýola goýlar» diýlip görkezilýär. Biz hem şundan ugur alyp, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen öwrediji oýunlaryň käbirlerini size hödürleýäris.

Çagalar bagyna gatnaýan jigiňe okap ber, bileje goşgy-ýumuşlary, mysallary ýerine ýetir! Ol siziň ikiňiz üçin hem peýdaly. Onsoň sen-ä mekdepde bäşlik alarsyň, jigiňi-de okuwa taýýarlarsyň!

Aýyjygyň sowaly

Näçe bolar, tilki dost,
3-e goşsak 2-ni.
Jogabyňy dogry aýt,
Saýla sanlaň birini.

Tilkijigiň jogaby

Aýy dostum, gyssanma.
Häzir aýdarys jogabyn.
Hasaplapjyk göreýin,
Dogry çyksyn jogabym.

Kirpijigiň sowaly

Kirpi garap baýguşa
Beripdir şeýle sowal:
«Näçe bolar goşaýsak
4-üň üstüne 3-i?
Öňüňdäki sanlardan
Saýla, al dogrusyny».

Baýguşuň jogaby

Baýguş hem çapak çalyp
Taýynlapdyr jogabyn.
Ýöne ol aljyrapdyr,
Aýdyp bilmändir sözün.
Geliň, kömek edeliň,
Owadanja baýguşa.
Şeýdip eýe bolalyň,
Öwgä hem-de alkyşa.

Totuguşuň sowaly

Hany, leglek dost, maňa
Ber, sen şeýle jogaby.
4-e 2-ni goşsak
Näçe bolar jogaby?

Deňizlerde, köllerde
Umman-umman suwlarda.
Gezdim, köp balyk tutdum.
4 balygyň üstüne goşsam ýene 2-ni
Ynha, bolar durubir,
Çüňkümdäki sanyň özi.

Çagalar, geliň, matematiki krosswordy çözeliň!

Haýsy tarapdaky basgançakda sanlar kemelýän tertipde ýerleşdirilipdir? Her sanyň deňinde haýsy miweleriň ýa-da gök önümleriň ýerleşýändigini aýdyň.

Oýunlar çagalaryň dünýä akyl ýetirmegi üçin iň peýdaly tärdir. Olar dürli oýunlary oýnamak bilen, diňe bir wagtyny şadyýan geçirmän, eýsem, pikirlenmek ukybyny hem ösdürýär. Alymlaryň bellemegine görä, pikirlenmegiň aýdyň-hereket (3 ýaşa çenli çagalaryň pikir ýöredişi), aýdyň-keşp (3 ýaşdan 6-7 ýaşa çenli döwürde) we söz-logiki ýa-da nazary pikirlenme (mekdebe çenli döwrüň ahyrynda döreýän) görnüşleri bardyr. Pikirlenmegiň bu görnüşlerini çagalarda kemala getirmek maksady bilen sapaklarda geçirilýän işler okuwyň netijeliligini düýpli ýokarlandyrýar.

Ogulmaral MATALOWA,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.