476
Hytaýyň «Betavolt» kompaniýasy zarýad bermezden ýa-da hyzmat etmezden 50 ýyllap elektrik öndürip bilýän «BV100» ýadro batareýasyny hödürledi.
Bir teňňeden has kiçi modulda (15x15x5 mm) 63 ýadro izotopy bar. Batareýa 100 mikrowat elektrik we 3 wolt öndürip biler we -60°C bilen 120°C aralygyndaky tempraturada işläp bilýär. Öndürijiler munuň düýbünden howpsuzdygyny öňe sürýärler. Köp gatly dizaýn ýangynyň we daşarky täsirleriň öňüni alýar.
Ýadro batareýasy ekologiýa taýdan arassadyr. Ol ulanyş möhleti gutaransoň, Nikel-63 daşky gurşawa zyýan bermeýän misiň durnukly izotopyna öwrülýär.
Batareýa häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Ondan soň, başlangyç smartfon we dron ýaly dürli tehnologiýalarda ulanmak üçin köpçülikleýin önümçilige başlar diýlip garaşylýar. Şeýle hem batareýa howa giňişligi, emeli aň enjamlary, lukmançylyk enjamlary we mikroprosessorlar üçin amatlydyr.
Batareýada ulanylýan tehnologiýa kosmos gämileriniň we suwasty ulgamlaryň gurluşygynda ulanylýar.
«BV100» batareýasynyň bahasy yglan edilmedi, ýöne birleşdirilen batareýalary şu wagta çenli öndürmek gaty gymmat hasaplanýar. Amerikan we Ýewropa gözleg institutlary hem bu ugurda iş alyp barýarlar.
2025-nji ýyla çenli «Betavolt» 1 Wt kuwwatly batareýany çykarmagy meýilleşdirýär.