img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

269

...

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirildi. 

Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilmegi halkymyzyň sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine ygrarlylygynyň güwäsi bolup durýar.

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär.  

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr. Ýurdumyzda "Saglyk" döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar hem-de taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk we sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe we sport saglygy berkitmegiň, beden we ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Döwlet Baştutanymyzyň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy bu wakanyň ähmiýetini  hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ähli wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini görkezýär.  

Şeýle hem şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guraldy. Bu sene mynasybetli ýurdumyzda "tegelek stol" maslahatlary, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş we medeni çäreler geçirildi. Bu çäreler bilim alýan ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemledi. Bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp tele we radio gepleşikler taýýarlanyldy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar çap edildi.  

Halkymyzyň rowaçlygyny we bagtyýar durmuşyny maksat edinýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan daşary döwletler we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport diplomatiýasyny ilerletmäge, parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüşi gazanmaga özüniň anyk goşandyny goşýar.