332
Her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde Guşlaryň halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk daşky gurşawy aýawly saklamak babatynda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar we Ýeriň ýüzünde köp guşlaryň ýitip gitmegi bilen bagly meseleleri çözmek babatda adamlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Guşlar ýer şarynyň ähli yklymlarynda we adalaryň köp böleginde mesgen tutýarlar. Guşlar dünýäsiniň dürli reňkleri we ajaýyp sesleri adamlary haýran edýär. Olaryň uçmaga ukyplylygy guşlary planetamyzyň serhetsiz ýaşaýjylaryna öwürdi. Dünýä faunasynda häzirki döwürde guşlaryň 9000-e golaý görnüşi bellidir.
Olaryň baýramçylygy ilkinji gezek 1894-nji ýylda ABŞ-nyň Oýyl-Siti şäherinde bellenilýär we habar beriş serişdeleri arkaly bütin dünýäde giňden meşhurlyk gazanýar, soňra bu baýramçylyk Ýewropa aralaşýar hem-de häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär.
Türkmenistanda Guşlaryň halkara gününi bellemegiň taryhy we olary goramak dünýä belli ornitolog – türkmen akademigi, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň geňeş agzasy A.G.Rustamowyň ýolbaşçylygynda 1968-nji ýylda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Tanymal alym ÝUNESKO-nyň Guşlaryň gününi bellemek pikirini goldaýar we Türkmenistanda hem bu güni her ýylyň 1-nji aprelinde bellemegi teklip edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Guşlaryň halkara güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde «Guşlar tebigatyň bezegi» diýen at bilen sergi gurady. Muzeýde ilkinji gezek ýaş suratkeşleriň guşlara bagyşlanan suratlary sergilendi. Bu sergä Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 2-nji, 6-njy, 7-nji çagalar sungat mekdepleriniň, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de «Rodoguna» hojalyk jemgyýetiniň gysga möhletli kurslarynyň okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde 6 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş suratkeşler öz suratlaryny hödürlediler. Olar öz işlerinde tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zallarynda ýerleşýän guşlaryň şekillerini ussatlyk bilen çekip, ajaýyp gözelligi, özboluşlylygy reňkleriň üsti bilen görkezmegi başardylar. Olaryň suratlary dürli tehnikada: nakgaşçylyk, grafika, applikasiýa görnüşlerde ýag, akwarel, pastel reňkler hem-de galamyň kömegi bilen çekilip biri-birinden tapawutlanýar. Çekilen suratlaryň içinde owadan gyzyl gaz, guw, gotan, bagyrtlak, gökgarga, sarkyldak ýaly guşlar adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Ondan başga-da, sergide guşlaryň ýurdumyzda duş gelýän görnüşleri,olara degişli ylmy we ylmy-populýar kitaplar, žurnallar hem-de sowgatlyklar sergilendi.
Sergi muzeýe gelýän giň köpçülige niýetlenen we ol on gün dowam eder.
Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekilleri, Aşgabat şäher sungat we çeperçilik mekdepleriniň mugallymlarydyr okuwçylary, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy. Soňra duşuşykda biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar Rustamow, Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ylmy işgäri ornitolog, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Saparmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçilikleýin habar beriş bölüminiň wekili Ajap Baýgeldiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wagyz-ündew işleri boýunça hünärmeni Gülnar Çaryýarowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ülkäni öwreniş we tebigat bölüminiň bölüm müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa we Türkmenistanyň Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýew çykyş etdiler.
Serginiň açylyş dabarasynda Aşgabat şäherindäki 143-nji orta mekdebiň okuwçylary guşlar barada taýýarlanan kompozisiýasy bilen çykyş etdiler.
Guşlaryň Halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi okuwçylaryň çeken suratlary boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylara Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi serginiň ekspozisiýasyna aýlanyp, çagalaryň çeken suratlaryny synladylar.