184
Halkymyzda gyzyň ýedi enesiniň biri hasap edilýän gaýynene hakynda aýdylan nakyllar, atalar sözleri diýseň kän. «Gaýyn-gelin gapakly gazan», «Gaýynatam ganarym, dolup durar dulumda, gaýynenem gazanym, getirip goýar ýanymda» ýaly nakyllar gelniň gaýynlaryna bolan mährem gatnaşygyny, hormat-sarpasyny, pikir-garaýşyny kemsiz suratlandyrýar.
Gaýynene — gelniň ýanýoldaşynyň ejesi. Şunuň özi-de gaýynenäniň gelin üçin gymmatyny hem derejesini kemsiz kesgitleýär. Zenanyň özüne Alla tarapyn berlen, ýeke-täk özüne degişli bolan ykbaly kimdir biri bilen paýlaşmagy niýet edinmegi özüni, şu gününi we geljegini şol ynsana doly tabşyrmagy diýmekdir. Şeýle netijä gelmegiň aňyrsynda öz saýlan ynsany bilen maşgala gurup, iki göwre bir ýürek bolup, agzybir ýaşamak, bir-biregi söýüp-sylamak, bir-birege düşünmek, şat we gamly güni bile başdan geçirip, el-ele berip, diňe öňe hereket etmek, perzent ýetişdirip, ony ene-atasyna, il-gününe mynasyp adam edip ýetişdirmek ýaly päk hem asylly maksatlar durýar. Elbetde, bu belent maksatlary kemally amal etmek üçin ýaş çatynjalara olary gurşap alýan jemgyýetdäki ýaşy has uly, tejribesi ýetik adamlaryň hem kömek-goldawy zerur bolup durýar. Kömege ýetişmeli şol adamlaryň iň esasylarynyň biri-de, gelniň gaýynenesidir.
Atasy öýüniň terbiýesini alyp gelen gelne ilkibada täze öýüň düzgün-tertibine öwrenişmek aňsat bolmaýar. Gözüni açyp gören görüm-göreldesi hernäçe gowy hem bolsa, her bir hojalygyň, öý-içeriniň özüne mahsus girim-çykymy, edim-gylymy bar. Oňa öwrenişmek, ony özleşdirmek üçin wagt gerek bolýar. Ýöne bu ýagdaý, özüni gelip düşen maşgalasynyň aýrylmaz bir bölegine öwürmek islegi güýçli bolan gelin üçin beýle bir kyn düşmeýär. Öz gelniniň gaýyn ojagyna bolan yhlasyny görýän we duýýan gaýynene hem oňa bu babatda uly goltgy bolýar. Ýetmedigini ýetirip, kemçiligini hatda özüne-de duýdurmazdan düzedip, eden kiçijik işine-de uly baha berip, göwnüni galkyndyrýan gaýynene gelniň kalbynda bada-bat orun alyp, mertebesini gitdigiçe beýgeldýär. Netijede, gelin bilen gaýynenäniň arasyndaky köpri barha bekäp, aralyk günbe-günden ýakynlaşýar. Gelin we gaýynene aýrylmaz bitewülige öwrülýär.
Kähalatda birkemsiz kämil hem dogry hasap edýän pikir-düşünjeleriňi senden uly we köpügören adamlaryňky bilen deňeşdireniňde, bärden gaýdýandygyny bilip galýarsyň. Gelin bilen gaýynenäniň gatnaşygynda hem şeýle ýagdaýa duş gelmek bolýar. Elbetde, gelin öz ykbalyny baglan täze ojagyna — gaýyn öýüne gowy arzuwlar, päk niýetli etsem-petsemler bilen gadam basýar. Ýöne ol öýde şol ojagyň eýesi, bu maşgalanyň isleg-arzuwyna, içerde nämäniň halanyp, nämäniň halanmaýandygyna has belet gaýynenesi bar. Şonuň üçin hem, täze gelniň etjek bolýan gowy işlerini-de, mümkin boldugyndan, gaýynenesi bilen maslahatlaşyp etmegi gerek. Şonda gelniň arzuwy has-da ýerine düşüp, isleýşinden hem gowy netije berer.
Gaýyn-gelin gatnaşyklaryndan gürrüň edilse, «Ýuwaş gelin» kinofilmi ýadyňa düşýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu filmiň baş gahrymany Selbi asla bet gylyk-häsiýetli gelin däl. Şeýle-de bolsa, ol gaýynenesi bilen umumy dil tapýança birnäçe kynçylyklary başdan geçirýär. Geçen asyrda surata düşürilip, şol döwrüň durmuşyndan söz açýandygyna garamazdan, filmdäki wakalara häli-häzirlerem duş gelmek bolýar. Tomaşaçyny käte ýylgyrdyp, käte bolsa tolgunmaga mejbur edýän bu filmde gaýynene bilen gelniň arasyndaky gatnaşyk daş-töweregindäkileriň goşulmagy bilen biraz çylşyrymlaşýar, garaşylmadyk öwrümlere eýe bolýar, şol zerarly birek-birekden öýke-kine hem edilýär. Ýöne gaýynyň gelnini, gelniň hem öz gaýynyny gowy görýändigi üçin ähli zat gülala-güllük bilen tamamlanýar. «Ýuwaş gelin» kinofilminiň içinden eriş-argaç bolup geçýän, tomaşaça ýetirilmek islenýän esasy zat — maşgala gatnaşyklaryna hiç kimi goşmazdan, özara çözmegi başarmak bolup durýar. Bir-biregiň hatyrasyna öz käbir endikleriň, beýle bir ähmiýetli bolmadyk pikir-düşünjeleriň üstüne atanak çekmegi başarmaly. Filmde öňe sürülýän bu akylly-başly ýörelge häzirki durmuşymyzda hem zerur.
Gaýynene gelnine agzybir maşgala gurmakda iň ýakyn hemaýatçy, öwüt-goldaw berýän beýemçi. Halkymyzyň maşgala gatnaşyklarynda asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklarda gaýyn-gelin hormaty esasy orunda durýar. Çünki her bir maşgalanyň agzybir, asuda, abadan bolmagynda gaýynenäniň we gelniň hyzmaty, olaryň birek-birege garaýşy, hormat-sarpasy iň bir wajyp meseleleriň biridir. Ilçilikde, käte-käte gürrüňçiliklerde ondan-mundan eşidilýän: «Pylanylara täze gelin geldi-de, ellerinden çekilen ýaly bolaýdy» ýa bolmasa «Pylanylaryň täze gelni gaýyn ojagyny gül pürkülen ýaly edäýdi» diýen ýaly sözler gürrüňi edilýän gelniň ilgezikdiginden, ýerlikli ýeriň çagasydygyndan, işeňňirdiginden habar berýär.
Iň gyzykly ýeri-de, her bir işde maslahatlaşyp, hormat-sarpa bilen hereket edýän gelin dura-bara öz gaýynenesine meňzemäge çalyşýar. Başga bir maşgalada doglup, şol maşgalanyň terbiýesini alyp ulalan gelniň gitdigiçe öz ejesine däl-de, gaýynenesine meňzäp barmagy diýseň täsin ýagdaýdyr. Bu babatda halkymyzda «Gaýyn bilen gelniň topragy bir ýerden alnarmyş» diýlen bir ynanç hem asyrlarboýy ýaşap gelýär. Bu ynanjyň manysyny çözläniňde juda köp zatlaryň üstünden barýarsyň. Belki-de, sähetli gün sag aýagy bilen «Bismilla» diýip, gaýyn ojagyna gadam basan gelniň mundan beýläk öz ykbalyny diňe şu maşgala baglamak, şu ojagyň ody bilen girip, küli bilen çykmak, onuň aýrylmaz bir bölegine öwrülmek niýetini kalbyna berk düwüp gelendigi üçindir?!
Gaýyn-gelin gatnaşyklary barada bir makalanyň çygrynda pikiriňi jemläp, gutarnykly netijä gelmek mümkin däl. Çünki ilçilikde dürli tertip-düzgünli maşgala kän, ol maşgalalarda ýygy-ýygydan toýlar tutulýar, ogullar öýlenýär, gyzlar durmuşa çykýar. Şeýlelikde, ýaşaýyş-durmuşymyzda gaýynlar bilen gelinleriň sany hem barha artmak bilen. Halkymyzda öz durkuny hem ähmiýetini, arzysyny hem manysyny ýitirmeýän adatlar, öňden gelýän mizemez ýol-ýörelgeler bar. Öňküden has berkeýän, kämil görnüşe eýe bolýan gaýyn-gelin gatnaşyklary hem şolaryň ilkinjileriniň hataryndadyr. Goý, maşgala binýadynyň synmaz sütüni bolan gaýyn-gelin gatnaşyklary mundan beýläk hem kämilleşip, ýaş, gülden görkli gyzlarymyz, owadan gelinlerimiz üçin görelde mekdebine öwrülsin.
Mährijemal BEREKETOWA,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy.