img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Garaşsyzlyk zaly

128

...

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Filadelfiýa şäherinde ýerleşýän, 1753-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen bina, ilki, döwlet dolandyryş merkezidi. Garaşsyzlyk Jarnamasy we ýurduň Konstitusiýasy kabul edilenden soňra bu bina «Garaşsyzlyk zaly» hökmünde ykrar edildi. Bina Garaşsyzlyk milli taryhy seýilgähiň merkezi hasaplanýar. 1979-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu bina özüniň täsin jaňly diňi bilen has-da meşhurdyr.

Täsin köpri

Aýnadan gurlan köprüler we dagyň çür depesindäki ýodalar Hytaýda uly meşhurlyga eýe. Hunan welaýatyndaky milli tokaýçylyk zolagynda uzynlygy 430 metr, ini 6 metr we 300 metr beýiklikde bolan, aýnadan ýasalan asma köpri 2016-njy ýylyň awgust aýynda açylyp, halk köpçüligi üçin täsin ýere öwrüldi. Pyýadalar üçin niýetlenen bu köpri öz agramy bilen hem beýlekilerden tapawutlanýar. Sütün aralygyndaky aýnalar 993 gat bolup, bir wagtyň özünde 800 adamy götermäge ukyply. Muňa garamazdan, ätiýaçlygy elden bermezlik üçin gözegçilik gullugy onuň sanyny 600 adama çenli azaltdy. Bu täsin desganyň taslamasy meşhur binagär Hamim Dotan tarapyndan işlenip düzüldi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.