176
19-njy sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.
Garaşsyz Watanymyzyň häzirki zaman taryhynda, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, halkymyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşynda giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirdi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu giň gerimli forum aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Senagatyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyz ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä aýan edýär.
Köpugurly gözden geçiriliş “Garagum” myhmanhanasynyň arkasyndaky sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary bilen sergä gatnaşyjylary we myhmanlary mübäreklediler. Bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp halk sazlary, bu wakanyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň gerimli sergi Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrülip, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek hem-de ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksadydyr. Bu ugurda geljegi nazarlaýan tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, tebigy serişdeleri aýawly, toplumlaýyn peýdalanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri ösdürmekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly sepgitlere ýetilýär, diýlip Gutlagda nygtalýar.
Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabra çenli öz işini dowam etdirer.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentlig