323
Ýaşy boýunça iň gadymy minara - Demirgazyk minarasydyr. Onuň «meandr» görnüşli geometriki nagyşynda gymmatly taryhy maglumatlar saklanýar. Kufy ýazgylar bilezik bolup minaranyň üç ýerinden gurşaýarlar. 20-nji asyryň başyndan ilkinji bolup ýazgylary gündogarçy- alym A.A. Semýonow okap düşünmäge synanypdyr. B.N. Kastalskiniň fotoberkitme usuly arkaly ol minaranyň orta guşagyndaky ýazgyny şular ýaly okapdyr: Abdul-Agarranyň ogly Aly gurluşykçy gurdy. Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň ahyrynda alymlar Dehistanda giň gerimli ylmy-barlag işlerini geçipdirler. Ekspedisiýa ýolbaşçylyk eden M.Ý. Masson bu ýazgylara aşakdaky. düşündirişi berlipdir. “Beýik Allanyň adyndan, Allanyň patasy bilen, Rabatyň (galanyň) eýesi Abdul-Agarranyň ogly Abu-Jafaryň buýurnamasy boýunça, goý ony Alla goldasyn! Zyýadyň ogly Alynyň işi” Girelgeden biraz ýokarda ýerleşen iň aşaky guşagyň käbir bölekleriniň ýitendigine garamazdan, oňa Demirgazyk minaranyň ýaşyny kesgitlemek başardypdyr, bu sene biziň asyrymyzyň 1104-05 ýyllaryna gabat gelýär.
Saklanyp galan iki minaranyň hem gurluşy birmeňzeşdir. Olar iki sütünden - daşky içi boş konus şekilli we içki diametr üç metre barabar sütünlerden ybaratdyr. Olary hyr şekilli bişen kerpiçden ýasalan merdiwanlar birleşdirýär. Minalara şäheriň binagärlik keşbinde gürrüňsiz uly omy eýeläpdirler. Minaralaryň suratly gönüligi we belentligi orta asyr awtorlary tarapyndan aýratyn gymmatly häsiýeti hökmünde nygtalyp görkezilipdir. Meselem, Makdisi uzakdan görünýän Ahura minarasyny aýratyn belläp geçipdir - bu şäher şu sebitde Dehistandan soň has ähmiýetli şäherleriň birisi bolupdyr. Häzirki wagtda ol barada Misseriandan 45 km-de ýerleşen äpet Malau şäheri ýatladýar.
Şu günki hem Misserian minaralarynyň sudurlaryny uzakdan saýgarmak boýar. Köpsanly gümmezli gurluşlara, eýgertmez dişli diňler bilen gurulan berk galan diwarlaryna eýe bolan orta asyrlar şäheriniň gurşawynda olaryň neneňsi täsirli gömendigini göz öňüne getirmek kyn däldir.