291
Ylmy maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, işden soň agşamlaryna we dynç günleri dynç almagyň gujur-gaýratyňy dikeltmek üçin ýeterlik däldigini görkezýär. Dynjyň ýetmeýän bolsa, bu hökmany ýagdaýda duýulýar.
Bize dynç alyş rugsady näme üçin gerek?
Dynç alyş — önjeýli we döredijilikli işlemek üçin güýç toplamak
Awstriýaly alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar dynç alşyň diňe bir ýakymly güýmenje bolman, eýsem ýokary öndürijiligi we döredijiligi saklamagyň zerurlygydygyny tassyklaýar. Ofisde işleýän işgärleriň arasynda geçirilen gözleg bolsa arakesmeden soň adamlaryň has gujurly we hyjuwly bolýandyklaryny äşgär etdi.
Alymlaryň pikiriçe, iň gowy diýilýän dynç alyş özünde şulary jemlemeli: dürli ýerlerde bolmak, fiziki işjeňlik, täze adamlar bilen aragatnaşyk gurmak hem-de sagdyn ukyňy almak.
Geň görünse-de, dynç alşyň wagt uzaklygy üýtgeşik bir aýgytly ähmiýete eýe däldir. Adamlar 7 we 14 günüň dowamynda deň derejede dynç alýarlar.
Dynç alyş öndürijiligi ýokarlandyrmakdan başga-da, döredijiligi höweslendirýär. Moda öýleriniň taryhyny öwrenmek döredijilik režissýorlarynyň syýahatynyň kolleksiýalaryň täzeligine we özboluşlylygyna gönüden-göni täsir edýändigini görkezdi.
Munuň syry beýniniň neýroplastikligindedir. Täze zatlary öwrenenimizde beýnimizde täze nerw baglanyşyklary emele gelýär. Beýniniň ösen neýroplastikligi akyl taýdan kognitiwlige eltýär, ýagny adam täze şertlere has aňsat uýgunlaşýar, meseleleriň çözgüdini tiz tapýar hem-de dartgynlylyk ýagdaýyna has az sezewar bolýar.
Dynç alyş ýadawlyk alamatlaryny ýeňilleşdirýär
Iş ýerindäki yzygiderli dartgynlylyk ýadawlyk sindromyna sebäp bolup biler. Bu ýagdaý ýadawlyk, gödeklik we işe bolan ýigrenç bilen häsiýetlendirilýär.
Ýadawlygyň ýakymsyz alamatlary dynç günlerinden soň hem düýbünden ýok bolup gidibermeýär. Bularyň arasynda uky bozulmalary ýaly fiziki kynçylyklar ýüze çykyp biler.
“HeadHunter” (hh.ru) kompaniýasynyň gözlegleri işçileriň 80%-den gowragynyň ýadawlyk alamatlaryny başdan geçirendigini görkezýär.
Ysraýylly alymlar her ýylky dynç alşyň hatda gysga möhletiniň (7 — 10 gün) hem ýadawlygyň alamatlaryny azaldyp biljekdigini anykladylar. Gollandiýaly alymlar bolsa ýylyň dowamynda birnäçe gysga dynç alyşyň bir uzyn dynç alyşdan has täsirlidigini ýüze çykardylar.
Şeýle-de bolsa, dynç alyş hemme dertleriň dermany däldir. Ýadawlygyň alamatlary, adatça, dynç alnandan üç hepde soň gaýdyp gelýär.
Näme üçin? Dynç alyş diňe ýadawlygyň sebäplerini wagtlaýyn ýok edýär, mysal üçin, aşa işlemek ýa-da iş prosesiniň tertipsizligi we ş.m.
Adaty işe gaýdyp gelen adam, ýene-de täze ýadawlyga sebäp bolýan dartgynlylyk faktorlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Ýadawlyga garşy göreşmegiň esasy usuly, dartgynlylygy kesgitlemek we ondan saplanmakdyr.
Dynç alyşa garaşmak dartgynlylygy peseldýär
Amerikaly alymlar dynç alyşa garaşmagyň dartgynlylygyň derejesini ep-esli azaldyp biljekdigini subut etdiler.
Dynç alyşdan bir aý öň we bir aý soň, barlaga gatnaşyjylar ýürek urşuny hasaba alýan impuls oksimetrlerini geýdiler. Mundan başga-da, dartgynlylygyň derejelerine baha bermek üçin hepdelik gözlegleri tamamladylar.
Barlagyň maksady dynç alyşa garaşmagyň dartgynlylyga nähili täsir edýändigini we dynç alşyň dikeldiş täsirleriniň näçe wagt dowam edýändigini öwrenmekden ybarat boldy. Dartgynlylykda ýürek urşunyň ýokarlanýandygy mälimdir. Arkaýyn ýagdaýda minutda 60-dan 100 urga çenli, dartgynlylyk wagtynda bolsa 100-den ýokary bolýar.
Barlagyň netijesi dynç alyş näçe ýakyn bolsa, dartgynlylygyň derejesiniň şonça pes bolýandygyny görkezdi.
Syýahat etmek — depressiýanyň bejergisi
Alymlar dynjyň ýetmezligi bilen depressiw bozulmalaryň ösmeginiň arasynda aýrylmaz baglanyşygyň bardygyny nygtaýarlar.
Aýal-gyzlar bu meselede has ejizdirler: her 10 gün dynç alyşda depressiýa töwekgelçiligi ortaça 29% azalýar. Iki ýa-da has köp çagasy bolan aýallar üçin bu görkeziji has ýokarydyr - 38%.
Depressiýa garşy öňüni alyş çäresi hökmünde dynç alyşlaryň netijeliligi, fermalarda işleýän 1500 aýalyň akyl ýagdaýyna bäş ýyl gözegçilik edilýän barlag bilen tassyklanyldy. Netijeler, iki ýyldan bir gezek dynç alýanlaryň arasynda depressiýa ähtimallygynyň has ýokarydygyny görkezdi.
Syýahaty öz içine alýan dynç alyşlar depressiýa garşy göreşmekde iň täsirli usul bolup çykdy. Koreýaly alymlar 8500-den gowrak adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, bu netijä geldiler. Olar bir ýyldan gowrak wagtlap syýahat etmedikleriň depressiýa howpunyň 71% ýokarydygyny anykladylar.
Ýokardaky getirilen maglumatlardyr pikirleriň, barlaglaryň netijeleriniň hemmesinden dynç alşyň lezzet almak hem däl-de, saglygyňyza, öndürijiligiňize we döredijilikli zähmet çekmäge maýa goýumdygyny aýtmak bolar.