157
Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen watandaşlarymyzyň ençemesine döwlet sylaglary, baýraklar berildi we hormatly atlar dakyldy. Döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlarynyň hem bardygyny buýsanç bilen belläp, olaryň ýüreklerinden joşduryp dile getiren alkyşly sözlerini size ýetirýäris.
Ýangibaý Çaryýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň uly mugallymy:
— Ajaýyp döwrüň bagtly ýaşulularynyň biri hökmünde onlarça ýyl bäri ýaş nesle bilim berip gelýärin. Ujypsyzja zähmetime hormatly Prezidentimiziň uly baha berip, maňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurylmagy göwnümi galkyndyryp, ömrüme ömür goşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňýanynda şaýat bolan tolgundyryjy wakamyz ruhumy has-da belende göterdi. Baş baýramymyzyň yzysüre, ýagny 1-nji oktýabrda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününiň bellenilýändigi üçin şatlykly wakalaryň hatary artýar. Toý-baýramly günlerde döwlet sylagyna eýesi bolandygym üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn, ömürleriniň uzak, mertebeli başlarynyň aman bolmagyny dileg edýärin.
Taňryberdi Amanlyýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň uly mugallymy:
— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasyndaky şatlykly günleriň hataryny uzaldan taryhy wakalara baý boldy. Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, maňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Munuň üçin hoşallygymyň çägi ýokdur. Ýokary döwlet sylagy mugallymlara goýulýan hormat-sarpanyň nyşany bolup, bizi has-da gujurly işlemäge ruhlandyrdy. Şeýlelikde, şanly Garaşsyzlygymyzyň toý dabaralarynyň bosagasyndaky şatlykly gün tutuş maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak ajaýyp senä öwrüldi. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolmagym göwnümi galkyndyrdy. Bizi bagtyýar durmuşa eýe eden Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş aýdýaryn.