img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Demirgazyk — günorta ugry: möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi

256

...

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen ilkinji Demirgazyk-Günorta ugry boýunça söwda we logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşykda üç döwletiň ulag ulgamynyň geljekki ösüşleri baradaky hyzmatdaşlykda dürli meseleler ara alyp maslahatlaşdy.

Hususan-da, taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça haryt dolanyşygynyň gerimini geljekde Pakistanyň çägine çenli uzaltmak meselelerine seretdiler. Şunuň bilen birlikde, üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Owganystanyň Hyrat şäherine çenli demir ýoly gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Gepleşikleriň dowamynda «Gazagystan —Türkmenistan — Owganystan» ugrunyň Demirgazyk — Günorta ugry boýunça esasy ulag-üstaşyr geçelgesiniň bolup durýandygy bellenildi. Bu ulag-üstaşyr geçelgesiniň netijeli peýdalanylmagy bilen, haryt dolanyşygynyň möçberi 5 tonnadan 8 tonna çenli ýokarlanar. Geljekde bolsa bu görkeziji 20 tonnadan 30 tonna ýeter.