125
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň çagalarynyň çeken suratlarynyň VI sergisi Daşkentde açyldy. "Sinhua" habar gullugynyň berýän habaryna görä, serginiň mowzugy “Ertekiler dünýäsinde” diýlip atlabdyryldy.
Açylyş dabarasyna Özbegistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri we tanymal sungat işgärleri gatnaşdylar.
Sergi ýedi ýurtdan 3700-den gowrak döredijilik eserini görkezýär.
ŞHG-na agza ýurtlarda çagalaryň döredijilik ukyplaryny goldamak we höweslendirmek, halk döredijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak, şeýle hem parahatçylyk, dostluk we ýagşylyk ideýalaryny giňden ýaýratmak we medeniýetleriň mundan beýläk-de güýçlenmegine goşant goşmak maksady bilen geçirilýär.