img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Çaga ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmegiň aňsat usullary

396

...

Sentýabryň golaýlamagy bilen ene-atalar we terbiýeçiler täze okuw ýylynyň başlamagyna taýýarlyk görýärler. Okuw esbaplaryny satyn almak, egin-eşikleri saýlamak we okuw tertibini meýilleşdirmek — bularyň ählisi zerur işler. Şeýle-de bolsa, iň möhümini — çagalarymyzyň mekdebe ýol bilen howpsuz gidip-gelmegini ýatdan çykarmaly däldiris.

Tomusky dynç alyş ýaş pyýadalaryň hüşgärliksiz, ünssüz bolmagyna getirip biler, şonuň üçin edil häzir ýol düzgünlerini ýada salmagyň tüýs wagtydyr. Esasanam, çagalara ýoldan nädip dogry we howpsuz geçmelidigini ýatlatmak möhümdir. Bu ýönekeý, emma wajyp başarnyk betbagtçylyklaryň öňüni almaga we ene-atalaryň çagasyndan arkaýyn bolmagyna ýardam eder.

Onsoň, çaga ýol hereketiniň kadalaryny haçan öwredip başlamaly

Beýik pedagoglaryň belleýşi ýaly, özüň edip görkezmekden gowy görelde ýokdur. Şonuň üçin çaganyň 4 ýaşyndan başlap, ýoldan geçeniňizde oňa haýsy reňkde geçendigiňizi, näme üçin durandygyňyzy, ýol bellikleriniň näme üçin goýulýandygyny we ş.m aýdyp beriň.

6 ýaşa çenli çagalarda ünslülik gowşak bolýar we gyralygyna görmek gowy ösmedik ýagdaýda bolýar. Mysal üçin, çaga ýoluň geçilýän zolagynda tötänleýin bir oýnawajyny gaçyryp, ony almak üçin yzyna dolanyp biler. Şol sebäpli çaga gaýdyp ýola yzyna dolanyp barmaly däldigini düşündirmeli: ýaşyl çyra uzak wagtlap ýanmaýar, gyzyl çyra ýakylanda bolsa awtoulaglar hereket edip başlaýar, beýle ýagdaýda bolsa olar pyýadanyň duran ýerine sürüp, ýol ulag hadysasyny döredip bilerler. Bu örän howply ýagdaý.

Mekdep ýaşdan kiçi çaga ÝHK barada nämeleri bilmeli?

Çagalara ýol düzgünleri barada şu aşakdakylary düşündirip başlap bilersiňiz:

  • ýolyşyk ýa-da pyýada geçelgesi ýok bolsa, ýoldan geçmeli däl;
  • ýoluň gyrasynda durmaly we ýolyşygyň reňkine seretmeli;
  • awtoulaglaryň geçýän ýerlerinde oýnamaly däldir;
  • ýoluň ugry boýunça ýanýodadan ýöräp bilersiňiz, eger ol bolmadyk ýagdaýynda, ýoluň gyrasy bilen ýöremek bolar;
  • skuterde ýa-da welosipedde ýoly kesip geçmek bolmaýar, munuň üçin durup, ondan düşmeli we pyýada geçmeli.

Şeýle hem, eger howlugan ýagdaýyňda ýaşyl yşyk sönüp, gyzyl reňk ýanjak bolup duran bolsa, iň gowsy indiki yşarata garaşmagyň örän ýerlikli boljakdygyny düşündirmek möhümdir.

Çagalar üçin ýol hereketiniň esasy kadalary

Şeýlelik bilen, ýokardaky aýdylanlary jemläp, mekdep ýaşyna çenli çagalara öwredilmeli esasy ýol düzgünleri barada belläliň:

Ýolyşyk bilen tanyşlyk: onda nähili reňkler bar we olar nämäni aňladýar. Ýoldan geçilen mahaly ilki bilen çepiňe, soňra bolsa sag tarapyňa seretmeli (sag tarap boýunça hereketli ýurtlar üçin munuň tersine).

Pyýada geçelge bilen tanyşlyk: Pyýada geçelgesi näme we ondan haçan, nähili ýagdaýda geçmeli.

Howpsuzlyk belgileri: ol nähili zat, ol nähili hereket üçin niýetlenen.

Ulagy togtadylýan ýer barada düşünje: çaga sürüjiniň ýolda bir adamy öňünden görse-de, hereket edýän ulagyň şol bada togtamajakdygyna düşünmeli. Şonuň üçin ulag gelýän wagty ýoldan ylgap geçjek bolmak ýalňyşdyr.

Jemgyýetçilik ulaglarynda özüňi alyp barmagyň kadalary: awtobus, tramwaý, trolleýbus ýaly ulaglardan diňe doly togtadylan mahaly girip çykmalydyr. Ulagda mahalyňyz tutawaçlardan tutup durmagy ýatdan çykarmaly däldir.

Welosiped we skuter sürmekde nazarda tutmaly düzgünler: ulaglaryň gatnaýan ýolunda sürmek düýbünden gadagan.

Ýol belgileri bilen tanyşlygymyza geçeliň.iň aňsat usullary

Pyýada geçelgesi

Ýolda ak parallel zolaklar ýa-da «Pyýada geçelgesi» diýen belgi bar bolsa, ýoldan geçip bilersiňiz. Ýoldan geçmezden ozal pyýada çep we sag tarapdaky awtoulaglaryň hereketini togtadandygyna doly göz ýetirmelidir.

Hereket gadagan!

Eger şeýle belgä gabat gelseňiz, şol ýerden geçip bilmersiňiz.

Seresap boluň, çagalar bar!

Çaga bu ýol belgisiniň bolmagynyň howpsuzlygy doly üpjün etmeýändigine we niýetlenmedik ýerlerde ýoldan geçmeli däldigine düşünmelidir.

Ýerasty geçelge

Ýerasty geçelge ýoluň beýleki tarapyna başga ygtybarly geçelgäniň ýokdugyny, diňe şondan geçmegiň dogry boljakdygyny aňladýar.

Ene-atalara çagalaryna ýol kadalaryny oýun görnüşinde düşündirmek nähili bolar?

Oýunlar we wiktorinalar bilimleri hem-de gazanylan endikleri jemlemäge kömek eder: tagta oýunlary, soraglar bilen kartoçkalar we ş.m. Düzgünleri ýat tutmaga şeýle-de tapmaçalar we goşgular ýardam edýär.

Ýol kadalaryny bilmek üçin ulanyljak kartoçkalary özbaşdak hem edip bilersiňiz. Soraglar «Näme etmeli?» diýen sowala jogap bolýan görnüşde bolmalydyr:

Mysal üçin, sen ýoldan geçmeli. Muny nirede we haýsy şertlerde edip bolar?

Ýoldan geçmeli däl mahalyňyz ýolyşyk haýsy reňkde ýanýar?

Oýnaýan pökgiňiz tigirlenip ýola gitse näme ederdiňiz?

Bir ýere gijä galyp barýan halatyňyz ýolyşyk gyzyl ýansa näme ederdiňiz?

Ýol hereketiniň howpsuzlygy pyýadalaryňam, sürüjileriňem ýokary derejedäki jogapkärçiligidir. Bularyň ikisi-de ýol kadalaryna biperwaý çemeleşmeli däldirler.

Ýol hereketiniň düzgünlerini yzygiderli gaýtalamak, ulularyň şahsy göreldesi hem-de bu mowzuga hemişe üns bermek çagalara ýolda howpsuz hereket etmek üçin durnukly endiklerini ösdürmäge kömek eder. Bir gezeklik taýýarlyk söhbetleri bilen çäklenmeli däl, goý düzgünleri berjaý etmek çagalaryň tebigy endigine öwrülsin.

Ähli mekdep okuwçylaryna, ene-atalara we mugallymlara täze okuw ýylyna üstünlikli başlamagyny arzuw edýärin. Seresap boluň we özüňizi goraň!