395
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň agzalary “Merkezi Aziýanyň öňünde ekologiýa meseleleri: durnukly ösüş we abadançylygyň hatyrasyna sebit raýdaşlygyny pugtalandyrmak” atly Kararnamany kabul etdi. Ol Özbegistanyň teklibi boýunça birnäçe ýurtlaryň awtordaş bolmagynda amala aşyryldy.
Bu resminama howanyň üýtgemeginiň biziň döwrümiziň iň çylşyrymly meseleleriniň biridigini we ähli ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin çynlakaý kynçylyklary döredýändigini nygtaýar.
Kararnamada, hususanda, Aral sebitini öz içine alýan Merkezi Aziýadaky daşky gurşaw meselelerini çözmek, sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, durmuş-ykdysady ösüşi ösdürmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin çäreleri görmek göz öňünde tutulýar.
Kararnamanyň awtordaşlary Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň durnukly ösüşi gazanmagy maksat edinýän “Merkezi Aziýa üçin “ýaşyl” gün tertibi” atly sebit maksatnamasyny kabul edendigini nygtaýar.
Şeýle hem Merkezi Aziýada çölleşmä, gurakçylyga, gum we tozan tupanlaryna garşy göreşmekde täzeб innowasion tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribäniň möhüm ähmiýetli orny eýeleýär.
Kararnama Merkezi Aziýanyň we dünýäniň ähli ýurtlaryny, beýleki gyzyklanýan taraplary, daglyk ekologiýa ulgamlaryny we buzluklary goramak boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrýar.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýow sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda eden çykyşynda soňky otuz ýylda sebitdäki howanyň temperaturasynyň bir ýarym dereje ýokarlanandygyny aýtdy. “Bu dünýädäki ortaça ýylylygyň iki essesidir. Netijede, buzluklaryň umumy meýdanynyň üçden bir bölegi ýitirildi” diýip, Şawkat Mirziýoýew belläpdi.
Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, bu tendensiýa dowam etse, ýakyn ýigrimi ýylda sebitdäki iki uly derýanyň - Amyderýanyň we Syrderýanyň akymy 15% azalmagy mümkin. Adam başyna suwuň elýeterliliginiň 25%, ekin üçin suw elýeterliliginiň 40% azalmagyna garaşylýar.
Şeýle hem, resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly oba hojalygyny ösdürmegi, suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmagy, galyndylary gaýtadan işlemegi, energiýanyň netijeliligine, durnukly syýahatçylygyň ilerledilmegini, “akylly şäherleriň”, durnukly ulag ulgamynyň döredilmegini we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ylmy we tehnologiki kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmagy teklip edýär.
Kararnamanyň taslamasynyň awtordaşy bolup dünýäniň ähli sebitlerinden 35 ýurt çykyş etdi. Olaryň arasynda Merkezi Aziýa döwletleri, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Wengriýa, Wenesuela, Hytaý, Müsür, Indoneziýa, Iordaniýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Malaýziýa, Nikaragua, Singapur, Türkiýe, Paragwaý we beýlekiler bar.