img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Belet Film çagalar sergisinde: Ene-atalaryň rahatlygyny üpjün etmek - biziň wezipämiz

245

...

Biziň maksadymyz: Çagalaryň howpsuzlygy we ene-atalaryň ynamy

Eziz ene-atalar! Sizi Belet Film platformasynyň özboluşly "Çagalar sahypasyny" görkezjek çagalar sergisine çagyrýarys. Biziň esasy maksadymyz - iň gowy hilli we peýdaly multfilmleri saýlap,ene-atalaryň rahatlygyny we çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek.

Häzirki döwürde internediň her öýde elýeterlidigi sebäpli çagalara diňe güýmeýän däl, eýsem öwredýän mazmun hödürlemek örän möhüm. Şonuň üçin biz çagalaryňyzyň ýaşyna we gyzyklanmalaryna laýyk multfilmleri üns bilen saýlaýarys. Hünärmenlerimiz her bir wideony barlap ähli talaba laýyk däl materiallary aýyrýarlar.

Platformamyzyň aýratynlyklary:

  1. Howpsuz mazmun: Ähli multfilmler berk saýlamadan geçýär we 0-12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin laýykdyr. Çagaňyz diňe barlanylаn we peýdaly materiallary görýänine ynanyp bilersiňiz.
  2. Öwrediji bölümler: Birnäçe dil boýunça öwrediji wideolar bilen ýörite bölümlerimiz bar. Çagalaryňyz dilleri gyzykly we interaktiw görnüşde öwrenip bilerler.
  3. Köp dilli mazmun: Biz mazmuny birnäçe dilde – rus, türkmen, türk we iňlis dillerinde hödürleýäris. Bu çagalaryňyza diňe güýmenmäge däl, eýsem täze dilleri öwrenmäge-de kömek eder.

Serginiň aýratynlyklary:

  1. Sowgat promokodlary: Sergide bir hepdelik mugt Belet Film-e tomaşa etmek üçin sowgat kartlary alyp bilersiňiz. Bu - tekliplerimiziň hiline göz ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilik.
  2. Tutuş maşgala üçin gyzykly wagt geçirme: Çagalar sergide wagtlaryny gyzykly oýunlar bilen geçirip bilerler, ene-atalar bolsa çagalary üçin howpsuz mazmun barada köp peýdaly maglumat alarlar.
  3. Täze bilimleri özleşdirmek: Sergi çagalara täze bilimleri özleşdirmäge, ene-atalara bolsa häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen öwrediji wideolar arkaly tanyşmaga mümkinçilik berer.
  4. Maglumat çeşmesi: Biz platformamyzyň interfeýsiniň ähli taraplary barada giňişleýin gürrüň bereris, soraglaryňуza jogap bereris we Belet Film-iň çagalary terbiýelemekde we ösdürmekde ygtybarly kömekçi bolup biljekdigini görkezeris.
  5. Şahsy çemeleşme: Hünärmenlerimiz her bir ene-ata bilen aýratynlykda söhbet edip, platformamyzyň işleýşini düşündirmäge we çagaňyz üçin iň amatly mazmuny saýlamaga kömek ederler.

Biziň wezipämiz:

Çagalaryňyz üçin howpsuz we bilim beriji gurşaw döretmäge çalyşýarys. Ene-atalar çagalarynyň diňe peýdaly we ösdüriji programmalara tomaşa edýändigine rahat bolup bilerler. Biziň multfilmlerimiz diňe güýmendirmän, eýsem öwredýär, çagalaryňyzyň akylly we bagtly ösmegine kömek edýär.

Belet Film-iň çagalar sahypasy:

"Çagalar sahypasy" mazmun barada alada etmän, howpsuz enjam bilen galdyrmaga mümkinçilik berýär. Belet Film-iň Çagalar sahypasy bilen çagaňyzyň diňe öwrediji we ýaşyna laýyk multfilmleri görýändigine ynanyp bilersiňiz.

Çagalaryňyz bilen sergimize geliň we gyzykly pursatlara şaýat boluň! Çagalaryňyzyň geljegi barada alada edip, olara iň gowusyny hödürleýäris. Ynanyň biz bilen çagalaryňyzyň görýän mazmuny hemişe howpsuz we peýdaly.