215
Kompozitor Aýna Şirowanyň we şahyr Hemra Şirowyň döreden «Baky diri esgerler» aýdymy Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Russiýanyň Kompozitorlar bileleşiginiň howandarlygynda geçirilen Dawid Kriwitskiý adyndaky abraýly halkara bäsleşikde iň uly baýraga mynasyp boldy.
«Baky diri esgerler» aýdymy türkmen we rus dillerinde ýerine ýetirilýär. Ol 2024-nji ýylyň aprelinde 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen fleşmobuň ýeňiji aýdymy bolupdy. Ol dürli ýurtlarda hünärli sazandalar we çeper höwesjeňler tarapyndan tutuş bir aýlap ýerine ýetirildi. Dawid Kriwitskiý adyndaky halkara kompozitorlar bäsleşigi bütin dünýäden zehinli sazandalary bir ýere jemleýär. Türkmenistan oňa ilkinji gezek gatnaşdy.
Kompozitor Dawid Kriwitskiniň ady diňe Russiýada däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda-da mälimdir. Ol «Baron Mýunhauzeniň başdan geçirenleri» we «Ýorga Muk» multfilmlerine ýazylan sazlaryň awtory hökmünde multiplikasiýa söýüjileriň ýadynda galandyr. Dawid Kriwetskiý harby mowzukly eserleri bilen has giňden tanalýar. «Babiý ýar» opera –oratoriýa kompozitoryň dürli görnüşi we göwrümi bolan iň ýygy goýulýan tomaşalarynyň biridir. Baý döredijilik mirasy bilen onuň ady Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Aýna we Hemra Şirowlaryň «Baky diri esgerler» aýdymy ilkinji gezek 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilen «Nusgawy şa eserler» konsertinde ýaňlandy. Bu aýdymy ilkinji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi Bahar Durdyýewa ýekelikde ýerine ýetirdi. Onuň instrumental görnüşini Tahyr Ataýewiň orkestri ýerine ýetirdi.