img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ ÝÜREK JOŞGUNY

153

...

Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna onuň welaýat we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar gatnaşdy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, gözýetimlerini giňeltmek we olary hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Asyrlaryň dowamynda ussat bagşy-sazandalarymyzdyr ozanlarymyzyň zehini hem-de ylhamy bilen türkmen dutarynyň, gyjagynyň, gargy tüýdüginiň, gopuzynyň mylaýym owazyndan kalplary lerzana getirýän şirin mukamlardyr aýdymlar, bu gymmatly senediň dürli-dürli ugurlary hem-de mekdepleri döredilipdir. Garadäli Gökleň, Kel bagşy, Şükür bagşy, Weýran bagşy, Amangeldi Gönübek, Nobat bagşy, Sahy bagşy, Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Gurt Ýakubow, Juma Wellekow ýaly türkmen saz sungatynyň ägirtleri şabram şelpeli, şirin nagmaly aýdym-sazlary arkaly parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, jebisligi ündäp, watansöýüji we ynsanperwer nesilleri terbiýeläpdirler» diýip belleýär. 

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinlerini gözkezip, aýratyn tapawutlanan zehinli çagalaryň çykyşlarynda dost-doganlygyň, dünýä nusgalyk beýik işleriň, parahatçylykly ösüşleriň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler, ýetilýän belent sepgitler, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasy, şan-şöhrata beslenen taryhymyz, görenleri haýrana goýýan medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz, halkymyza mahsus watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler ýokary çeperçilik bilen wasp edildi. 

Netijede, ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşige gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan, ýeňijiler diýlip yglan edilen zehinli çagalara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatbahaly sowgatlara mynasyp boldular. 

Ýaş nesilleriň geljekde watansöýüji nesiller bolup ýetişjekdiklerini bäsleşikde görkezilen çykyşlarynyň joşgunyndan hem görmek boldy. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleri bu bäsleşikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Olar bäsleşigiň şerti boýunça bagtyýar çagalygy, mähriban dostlugy, eziz Watanymyzy, eneleri tüýs ýürekden wasp etdiler. Olar öz çykyşlarynda ähli ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 

Oguljahan ALAMYŞOWA, 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.