88
29-njy oktýabrda Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy mundan öň hem özara Medeniýet günlerini birnäçe gezek geçiripdiler diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ermenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan çäreler Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly medeniýeti, häzirki zaman sungaty bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Ony üstünlikli geçirmek üçin Türkmenistana gelen myhmanlara iň gowy konsert zallary we teatr sahnalary hödürlenildi. Kino sungatynyň muşdaklary üçin dostlukly ýurduň kinematograflary tarapyndan düşürilen iň gowy çeper filmleriň, multfilmleriň görkezilişleri guraldy. Şolaryň hatarynda meşhur aktýor Frunzik Mkrtçýanyň keşp janlandyran «Aýrik» («Kaka») we «Şarpyk» atly belli filmler hem bar.
Türkmen tarapynyň taýýarlan medeni maksatnamasynyň çäklerinde ermeni wekiliýetiniň agzalary taryhy ýadygärliklere, Aşgabadyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelenç etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň konsert zalynda Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Gadymy we häzirki zaman aýdym-sazlary, iki halkyň özboluşly däp-dessurlarynyň beýany bolan horeografik-folklor çykyşlar konsert maksatnamasynyň özenini düzdi.
Dabarada bu döredijilik çäresiniň uzak taryhyň dowamynda doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýän iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlugy berkitmäge ýardam etjekdigi bellenildi diýlip, habarda aýdylýar.