125
28-nji sentýabrda, şenbe güni Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyñ Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niñ Baş sekretary Antoniu Gutterriş bilen duşuşdy.
Baş sekretar Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, ýurdumyzyñ daşary syýasatynyñ parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde üstünlikli nusga görkezýändigini belledi.
BMG-niñ Başlygy raýatsyzlygy ýok etmekde tagallalary we bu babatda yzygiderli durmuşa geçirýän ädimleri üçin Türkmenistanyñ hökümetine öz minnetdarlygyny bildirdi.
Taraplar BMG-niñ we Türkmenistanyñ arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sebit parahatçylygy we howpsuzlygy, şol sanda Owganystan barada pikir alyşdylar. Munuñ bilen baglylykda, owgan halkyna berilýän yzygirlderli kömege we goldawa ýokary baha berildi diýip, DIM-niñ berýän habarynda aýdylýar.
Baş sekretaryñ şu ýylyñ iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran üstünlikli sapary hem-de Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşyklarynyñ netijeleri barada bellenildi.
Duşuşygyñ dowamynda Meredow Baş Assambleýanyñ geçen sessiýasynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ başlangyjy bilen öñe sürülen Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasynyñ taýýarlyk başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça BMG bilen ýakyn aragatnaşyga taýyndygynda ynandyrdy.
Şeýle-de ministr agzalan saparyñ dowamynda ýeten ylalaşyklaryñ durmuşa geçirilmegi boýunça meýilnamanyñ işlenilip düzülýändigi barada habar berdi. Bu babatda Türkmenistanyñ başlangyjy bilen BMG-niñ 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan etmeginiñ wajyplylygy barada aýratyn bellenildi. Munuñ bilen baglylykda Ýylyñ cäreler maksatnamasynyñ taýýarlyk işleri barada habar berilip, onuñ üstünlikli ýerine ýetirilmeginde BMG bilen hyzmatdaşlygyñ ähmiýeti barada aýratyn bellenildi.
Owganystana ýardam etmek boýunça ministr 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde işe girizilen iri ulag we energetika taslamalary owgan halkyna berilýän yzygiderli kömegiñ nobatdaky subutnamasy bolandygyny belledi. Bu taslamalar halkara hukuk kadalarynyñ çäklerinde amala aşyryljakdygyny Meredow aýratyn nygtap geçdi.
Ministr raýatsyzlygy ýok etmekde bildirilen ýokary baha üçin minnetdarlygyny bildirip, ynsanperwer ugry boýunça alnyp barylýan iş Türkmenistanyñ syýasatynyñ we onuñ BMG bilen hyzmatdaşlygynyñ ileri tutulýan ugrudygy barada aýratyn belläp geçdi.