img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar

354

...

Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň alymlar uzak ýaşamak üçin üç sany şerti kesgitlediler, olar: çilim çekmekden ýüz öwürmek, köpgörnüşli fiziki işjeňlik we kadaly iýmitlenmek. Ylmy barlaglaryň netijeleri «Jama Network Open» žurnalynda çap edildi diýip, «Rambler.ru» ýazýar.

Alymlar ýaşy 80 we ondan ýokary bolan 5222 adamyň durmuş terzini we iýmitleniş endiklerini seljerdiler. Şeýle-de ýüz ýaşan meýletinçileriň 1454 sanysy barada maglumatlardan peýdalanyldy.

Her bir adama sagdyn durmuş terzi diýilýän indeks berkidildi, bu görkezijä ýaramaz endikler (çilimkeşlik, alkogol içmek), fiziki maşklary berjaý etmek sarp edilýän wagt, şeýle-de iýmitleniş rasiony hem-de bedeniň agramy ýaly görkezijileriň täsiri anyklandy.

Netijede, hiç haçan çilim çekmedik, yzygiderli sport bilen meşgullanan we kadaly iýmitlenen adamlaryň köplenç 100 ýaşaýandygy, şeýle-de şäherde we obada ýaşaýanlaryň 100 ýaşamak mümkinçiliginiň birmeňzeşdigi belli boldy.