76
Antarktida buz bilen örtülen sowuk materik hökmünde bellidir. Şeýle-de bu ýerde atylýan wulkanlar hem bar. Kontinentde onlarça wulkan bar, olaryň köpüsi Günbatar Antarktidada we Mari Berd sebitlerinde ýerleşýär.
2017-nji ýylda geçirilen gözlegde bu sebitde 138 wulkan tapyldy. Bu wulkanlaryň köpüsiniň uklydalygyna garamazdan, Antarktidada işjeň hasaplanýan sekiz ýa-da dokuz wulkan bar.
Kontinentdäki iň işjeň wulkanlaryň biri, beýikligi 3,794 metr bolan Erebus dagydyr. Dünýäniň iň günorta bölegindäki işjeň wulkan Erebus, grek mifologiýasyndaky garaňkylygyň janlandyrylan görnüşi bolan Erebusyň adyny göterýär.
1841-nji ýylda iňlis gözlegçisi Sir Jeýms Klark Ross tarapyndan açylan wulkanyň şol wagt işjeň bolandygy habar berildi. Erebus dagynyň depesindäki kraterde 1972-nji ýyldan bäri hereketde bolan lawa köli bar.
Erebusdan yzygiderli gaz we bug çykýar. Wagtal-wagtal Erebus “wulkan partlamalary” diýlip atlandyrylýan eredilen gaýalary daşyna zyňýar. Iň gyzykly açyşlaryň biri, alymlaryň bu gazlarda kiçijik altyn kristallaryny tapmagydyr.
Wulkan her gün takmynan 80 gram altyny daşyna zyňýar we bu altynyň bahasy takmynan 6000 dollar diýlip çaklanylýar. Altyn bölejikleri hat-da 1000 kilometr uzaklykdan hem tapyldy.
Şeýle-de bolsa, Erebus dagy 1979-njy ýylda bolup geçen pajygaly uçar heläkçiligi bilen tanalýar. Täze Zelandiýadan gaýdan uçar gatnawy 1979-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Erebus dagyna gaçdy. Uçarda bar bolan 257 ýolagçy pajygaly ýagdaýda aradan çykdy. Bu pajygaly wakadan soň Antarktida syýahatçylyk uçuşlary togtadyldy.
Annabibi ABDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň talyby.