img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Director of the UNESCO cluster office in Tehran visited Turkmen State University

2968

...

Şu gün — 16-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi web saýty ýazýar.

Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplary, «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Myhman Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duz-çörek bilen dabaraly ýagdaýda garşylandy. Binanyň foýesinde «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçydyr tansçylary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen küştdepdi aýdymyny we tansyny joşgunly ýerine ýetirdiler. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, türkmen halkynyň milli mirasyna, däp-dessurlaryna degişli gymmatlyklar, dutarçylar toparynyň çykyşlary, talyp gyzlar tarapyndan milli el işleriniň ýerine ýetirilýän pursatlary öz beýanyny tapdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly myhman Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde döredilen «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň otagyna baryp görüp, bu kafedranyň maksatlary we wezipeleri, alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Tanyşlygyň dowamynda hanym Golda El-Huri kafedrada ýola goýlan maksatnamalaýyn işlere ýokary baha berip, bu ugurda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle-de ol kafedranyň işine uniwersitetiň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşýandygyna ünsi çekip, medeni mirasy öwrenmekde hem-de wagyz etmekde olaryň uly ornuny nygtady. Myhman bu işlere mekdep okuwçylaryny hem çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Onuň dowamynda hormatly myhman geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylyk ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, degişli güwänamalary gowşurdy.