370
Düýn — 2-nji maýda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow 65 ýaşady.
Ol 1959-njy ýylyň 2-nji maýynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Döwletgeldi Annamyradow döredijilik ýoluna 1977-1978-nji ýyllarda şol wagtky «Ýaş kommunist» gazetinde korrektor bolup işleýän döwri ymykly girişýär. Şondan soň, ol 1978-1983-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýar.
Okuwyny üstünlikli tamamlap, Döwletgeldi Annamyradow 1983-1985-nji ýyllarda türkmen radiosynda, 1985-1991-nji ýyllar aralygynda «Sowet edebiýaty» žurnalynda, 1991-1999-njy ýyllarda bolsa Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda «Naýza» satiriki žurnalynyň jogapkär redaktory hökmünde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol 2000-2004-nji ýyllarda «Watan» we «Miras» radioýaýlymlarynda, 2004-2005-nji ýyllarda «Täze oba» žurnalynda bolüm müdiri bolup zähmet çekýär.
D.Annamyradow 2005-2012-nji ýyllarda ilki şol wagtky Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň baş redaktory, soňra Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň baş redaktory, 2012-2013-nji ýyllarda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginiň baş redaktory, 2013-2014-nji ýyllarda «Dünýä edebiýaty» žurnalynda bölüm müdiri wezipelerinde işleýär. Ol 2015-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Garagum» žurnalynyň kyssa bölüminde zähmet çekýär.
D.Annamyradow bütin ömrüni döredijilige bagyşlap, häzirki zaman türkmen edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşup gelýär. Onuň «Şykga-şykga bilezik», «Yhhymmyl», «Ýyllar eglenmez», «Gözlerim ýoluňda», «Sen kalbymda ýaşasaň», «Intizar gözler», «Kalbym — şeýda», «Sen dolanmadyň», «Ene», «Sähralar», «Kalbyň menden ynjamasyn», gitaraçylaryň ürç edip aýdýan «Ýalňyz sazanda» ýaly ençeme liriki aýdymlara ýazan sözleri halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa hem ençeme aýdymlary aýtdy. Şahyryň özi-de dutarda, mandolinada, balalaýkada käbir aýdymlary ýerine ýetirýär. Nurýagdy Tokgaýewiň, Öwezgeldi Tekäýewiň stillerinde halk aýdymlaryna-da hiňlenýär.
D.Annamyradow dramaturg hökmünde hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Aýdyma siňen ömürler», «Aşyklaryň obasy», «Söýgi kenary», «Bagta barýan ýollar» ýaly birnäçe uly göwrümli çeper filmleriň, onlarça dokumental filmleriň, köp bölümli «Goňşular», ýigrimi bäş bölümli «Söýgi sährasy», ýedi bölümli «Söýgi yşyklary» ýaly degişme äheňindäki çeper telefilmleriň, «Akpamygyň ak ýoly», «Sary taksiniň Täze ýyl başagaýlygy», «Japbaklaryň, Mämmetjanyň, Ýartygulagyň täze başdan geçirenleri», «Hoja paýtun»...ýaly onlarça çeper telefilmleriň edebi esasynyň awtorydyr. Filmlerde Emenegiň, Ýalpylyň, Ýagşy daýynyň, Meläniň, Gandymyň, Şammy tüweleýiň, Annaguly sölpiniň, Aşyr dädäniň, Hoja Hojanyň, Kepbanyň, Çakanyň we beýlekileriň täze ruhly keşpleri döredildi. Ol «Sen — köňlümiň perwazy», «Sen aman bol dünýede!», «Saňa ýetermi owazym?!» ýaly birnäçe sahna eserleriniň hem awtorydyr.
Ýazyjy, şahyr Döwletgeldi Annamyradowa (Döwlet Garkyn) «Söýgi sallançagy», «Gara perişde» we «Ömrümiň durnalary» atly dört diwandan ybarat goşgular kitaplary, «Dünýäniň yşky» atly uly göwrümli proza kitaby, «Täleý köprüsi» («Ykbal pursatlary») atly roman-essesi, «Bagt ýoly», «Söýgi kenary», «Bularyň bary sen hakda», «Iberilmedik hatlardan», «Sen aman bol dünýäde!», «Jeňňel kanuny», «Çarhypelek» atly powestleri, «Mähir küýsegi», «Aýal dogan», «Ilkinji mugallym», «Nätanyş gyz», «Aýly gijeler», «Arabaçynyň söýgüsi», «Kalbymda azaşan ak guwlar», «Ýollar bizi duşurmazmy?», «Dünýäniň ýadyndan çykmaz», «Akmaýanyň ýoly», «Köňlümiň perwanasy», «Ykbal gämisi» atly ençeme hekaýalary we nowellalary, «Ak melekleriň aýdymy ýa-da ruhy sedalar» atly liriki miniatýuralary uly üstünlik getirdi.
D.Annamyradowyň eserleri degişli döwürlerde Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Gözel Şagulyýewanyň, Baýram Jütdiýewiň, Nargylyç Hojageldiýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň, Nobatguly Rejebowyň, Hudaýberdi Diwangulyýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Sona Ýazowanyň, Orazguly Annaýewiň, akademik Myratgeldi Söýegowyň, alymlar Gurbandurdy Geldiýewiň, Ahmet Bekmyradowyň, Döwran Abdyllaýewiň hem-de Akmyrat Şirowyň, Atajan Taganyň, Kömek Kulyýewiň, Azat Rahmanowyň, Aşyr Mämiliýewiň, Hojak Mämmedowyň, Osman Ödäýewiň we döwürdeş ýazyjy-şahyrlarynyň guwançly hem derejeli bahalaryna mynasyp boldy.
D. Annamyradowyň eserleri dünýäniň onlarça dillerine terjime edildi. Şahyr häzirki zaman edebiýatynda uly mekdep döretmegi başardy. Onuň eserleriniň ruhunda ýazýan döredijilik işgärleri häzirki wagtda ýüzlerçe.
Döwletgeldi Annamyradow üç gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň (2007, 2009, 2012) ýeňijisi boldy. Şeýle-de ol «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly adyň (2010) hem-de «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy» medalynyň (2011) we «Magtymguly Pyragy» (2014) atly ýubileý medalynyň, «Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna» (2015) atly ýubileý nyşanynyň eýesidir. Şahyr Döwletgeldi Annamyradowa edebiýat meýdanynda köpýyllyk çeken halal zähmetleri we bitiren hyzmatlary üçin, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy.
Bu maglumatlar Döwletgeldi Annamyradowyň terjimehalyndan. Onuň häzirki güne çenli döreden eserler toplumlary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Biz hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris. Şeýle hem şahyryň şygyrlaryndan käbirini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Seniň jemalyň
Men şeýle küýseýän seniň jemalyň,
Seniň telwaslaryň Gün bilen Aýda.
Sen kalbymda peýker, yşky melaýyk,
Gel, gökden düş Ýere, ganatyň ýaý-da!
Meni gözläp gapy-gapy elenme,
Durandyryn, kellämde ak papagym.
Haçan boglan bir desse gül elimde,
Her sabada ataşy men şapagyň.
Men küýseýän aýdylmadyk aýdymyň,
Küýseýän men ysgalmadyk gülleriň.
Neçün eglenýärsiň kimden ýaýdanyp,
Gel, ýitmänkäm dumanynda ýyllaryň!
Seni gözläp, ýola düşüp kämahal,
Ýat ýerlerde gezýärin men azaşyp.
Aýralygyň sogaby bar sanasaň,
Meň halyma haýpyň gelsin azajyk.
Asmandamy, howadamy, ýerdemi,
Sen bolduň meň gije-gündiz pikirim.
Saňa duşmak üçin alýan her demi,
Sen kalbymda togabym hem şükürim.
Ömür geçýär, ýyllar geçýär, nädeýin,
Gel! Men munda baky garaşyp durman.
Gör, nirlere ýetdim süýräp ädigim,
Men bir bu Zeminde azaşan durnaň.
Munda rowaç almaz albaý söýgüler,
Diňe çyn söýgüler gursakda ýaşar.
Ýolda ýiter gider ýalan duýgular,
Ömür ýeke bagtly pursatda ýaşar.
Gel, jenanym, Kuýaşda gel, Aýda gel,
Ýa daglarda salgym, duman bolup gel!
Mähirde gel ýa-da rehnet jaýda gel,
Gel, ýar! Ähli zatdan aman bolup gel!
Sen bolmasaň...
Sen bolmasaň, ýollam tümlük ekeni,
Gör, nirede gezdim kän-kän büdüräp.
Sen bolmasaň, daglar tümmek ekeni,
Sen bolmasaň, gülzarlyklar — şüdügär.
Sen bolmasaň, aýdymlarym gury ses,
Sen bolmasaň, dumanlarym salgymdyr.
Sen bolmasaň, didelermiň nury pes,
Sensiz ýolda kimler çykdy alnymdan.
Nirelerde azaşsam-da ençe men,
Gitme ýokdur seniň gyzgyn mähriňden.
Men bir — şeýda, sen bir — bägül,
sen — çemen,
Sen — gaýyby, peýmanym sen, ähtim sen.
Sen ekeniň bu ömrümiň şuglasy,
Sen ýanyp dur!
Güneş bolup ýanyp dur!
Göwnüm sensiz ýat ýerlerde dulandy,
Bu ýalan däl, howaýy däl, anykdyr.
Beýewanda kä taňkyrap galamda,
Derýa bolup meň kalbyma joş berdiň.
Yşka dolup, bagtly ýaşa älemde,
Asman saňa menden uzak ýaş bersin!