img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi “CAREC” maksatnamasynyň baýragyna mynasyp boldy

389

...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, düzüminde häzirki döwrüň ägirt uly başlangyçlaryna işjeň gatnaşýan aýal-gyzlaryň müňlerçesini bir ýere jemleýär hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda uly güýç bolup çykyş edýär.

Döwlet tarapyndan aýal-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda olaryň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler halkara jemgyýetçilik tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin Aziýa ösüş bankynyň “CAREC” maksatnamasynyň medalynyň we degişli güwänamasynyň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we Mongoliýanyň degişli guramalary bilen bir hatarda, Aziýa ösüş banky tarapyndan yglan edilen hem-de birnäçe tapgyrda geçirilen bäsleşige gatnaşdy. Gruziýanyň paýtagty Tbiliside guralan zenanlaryň işewürlik maslahatynda gender deňligini hem-de jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmek boýunça ýokary netijeleri görkezen ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine dabaraly ýagdaýda ýeňijiniň baýragy gowşuryldy. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen zenanlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetde gender deňligini üpjün etmek, ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň mundan beýläk-de berkarar edilmegi we ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.