395
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda «Ýaş nesle ýokary hilli ekologik bilim-terbiýe bermek we olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek döwrümiziň möhüm wezipesidir» atly onlaýn okuw-usuly maslahat geçirildi. 25-nji dekabrda bolan maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda jemi 12 sany çykyş diňlenildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli Bilim institutynyň wekili, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşyp, özleriniň nutuklary bilen çykyş etdiler.
Çykyşlarda atmosfera howasy we ony goramak, ýaş nesle ekologik bilim-terbiýe bermek, olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, ekologiki bilim bermegiň innowasion tehnologiýalary barada giňişleýin durlup geçildi.