96
10-12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamynyň wekilleri «Geljegi döretmek arkaly: C5+ONE Merkezi Aziýa – ABŞ» atly sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin Almatyda (Gazagystan) boldular.
Çärä energetika, ekologiýa howpsuzlygyna hem-de iňlis diliniň öwrenilmegine bagyşlanan temalary bilelikde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň, şol sanda energetika we ekologiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň çykyşlary boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary bildiriş mazmunly mejlisler görnüşinde innowasion pikirlerini duşuşyga gatnaşyjylara tanyşdyrdylar. Olaryň çykyşlary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek, eko-moda we metanyň bölünip çykmasyny azaltmak diýen temalary gurşap aldy.
Maslahatyň çäklerinde ABŞ-nyň bilermenleriniň hem-de energetika we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýöriteleşen uniwersitetleriň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuw maslahatlar geçirildi. Oňa gatnaşyjylar häzirki zaman ýagdaýlar, bu ulgamlarda iň täze tehnologiýalar barada peýdaly bilimlere eýe bolmaga mümkinçilik aldylar, şeýle hem hünärmen derejesinde giňden ulanylýan iňlis diline erk edip bilmek başarnyklaryny ep-esli artdyrdylar.
Çäre alymlaryň, mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm duşuşyga öwrülip, sebiti durnukly ösdürmegiň täze strategiýalaryny işläp taýýarlamaga köp babatda ýardam etdi.
C5+ONE – munuň özi iňlis dilini bilmegi ösdürmäge gönükdirilen özboluşly sebitleýin başlangyçdyr. Ol esasan Merkezi Aziýada başlangyç we orta derejeli ussatlara, aýratyn-da, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda işleýän hünärmenlere degişlidir. Maksatnama döwlet ulgamynyň, raýat jemgyýetiniň hem-de hususy kompaniýalaryň wekillerine dilden amaly taýdan gatnaşyk etmäge ähmiýet bermek bilen iňlis diline erk etmek başarnyklaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu maksatnama boýunça Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan eýýäm 1000-den gowrak hünärmenler taýýarlanyldy. Şonuň netijesinde olaryň amerikaly kärdeşleri bilen gatnaşyklary ep-esli berkedi. Energetika we daşky gurşawy goramak ulgamlarynyň wekilleri üçin hünär derejeli iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen okuwlar sesi dogry beýan etmek, gürlemek, okamak hem-de hat ýazmak başarnyklaryny ösdürýär we gowulandyrýar.
Türkmenistanyň C5+ONE maksatnamasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşe we halkara hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň hünär taýdan ýokarlanmagyna maýa goýup, Türkmenistan ygtybarly geljegiň binýadyny kemala getirýär. Şonda milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky wezipeleri ygtyýarly, zerur bolan hemme hünär hem-de dil başarnyklaryna eýe bolan ýokary hünärli işgärler ussatlyk bilen hem-de ýokary hilli çözerler.