243
Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygyna we medeni mirasyna bagyşlanyp, «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi.
Maslahata Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Eýranyň Parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy maksady dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň ösmegine çäksiz uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Parlament derejesinde bellemekden we döwletleriň medeni syýasatyny goldamakdan, beýik söz ussatlarynyň tutuş adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň dürdäneleri hasaplanylýan edebi miraslaryny giňden wagyz etmekden, aýawly saklamakdan, ýaş nesilleri olaryň ruhunda terbiýelemekden, doganlyk halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden we parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.
Giň wekilçilikde geçen maslahatda ilkinji söz Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň at gazanan diplomaty Çynar Täjiýewna Rüstemowa berildi. Ol öz çykyşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny dikeltmek, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan we umumadamzat ösüşlerine uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimizden miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň, mukaddes däp-dessurlarymyzyň ruhunda terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigine, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygyna, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekdi. Umumadamzat medeni gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy, dünýä halklary üçin elýeterli bolmagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralandyrylmagyna gönükdirilmegi ugrunda iri halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen döwlet derejesinde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç baý maglumatly çykyşynda dünýä halklarynyň taryhy ýadygärlikleriniň, milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawynda yzygiderli orun alýandygyny we Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýetine ýokary baha berilýändigini belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagynda, geljekki nesillere miras galdyrylmagynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy Palatasynyň Spikeriniň birinji orunbasary Akmal Holmatowiç Saidow çykyş etdi. Ol iki goňşy dostlukly döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerimde ösýändigini, parlamentara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny belläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilip geçilýän ýylynda şeýle maslahatyň geçirilmegine mümkinçilikleri döredip berýän iki dostlukly döwletiň Baştutanlaryna özüniň sagbolsunyny aýtdy. Bu halkara maslahatyň täzeçillikdigini we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belläp geçdi.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Ylym, bilim, saglygy goraýyş meseleleri baradaky komitetiniň başlygy Odiljon Karimowiç Iminow öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň özbek diline terjime edilip, özbek halky tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny, onuň goşgularyna döredilen aýdymlaryň özbek toý-dabaralaryny bezeýändigini, beýik şahyryň durmuş ýoluna we döredijiligine bagyşlanyp, döwlet derejesinde dabaraly çäreleriň geçirilýändigini buýsanç bilen belledi. Şeýle hem ol çykyşynyň dowamynda dana şahyryň goşgularyndan dürdäne setirleriň birnäçesini labyzly aýdyp, olarda beýan edilýän filosofik garaýyşlara, çuňňur manyly pikir-ündewlere ünsi çekdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Ylym we bilim baradaky komitetiniň başlygy Bahtiýar Gamza oglu Aliýew çykyşynda Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga çagyrýan, ahlak gymmatlyklaryny ündeýän dürdäne şygyrlarynyň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilip, dürli halklar üçin elýeterli bolandygyny belledi. Akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlanyp, Azerbaýjanda giň wekilçilikli ylmy maslahatlaryň guralýandygyny, ylmy işleriň çap edilýändigini aýtdy.
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Durmuş-medeni ösüş we ylym baradaky komitetiniň başlygy Nurtore Baýtelesowiç Jusip maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň gazak diline terjime edilip, halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny belledi.
Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Mejlisiniň Milli Majlisiň Namoýandagon Mejlisi, ýerine ýetiriji häkimiýet, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we parlamentara aragatnaşyklary bilen işini utgaşdyrmak baradaky komitetiniň başlygy FarhodRahimi Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasly şygyrlarynda parahatçylyk, agzybirlik, jebislik barada beýan edilýän dürdäne pikirleriň häzirki döwürde hem örän möhüm ähmiýete eýedigi barada durup geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynda hem dürli öwüşginli dabaralaryň geçirilýändigi, häzirki wagtda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulýandygy barada aýtdy we munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny subut edýär diýip belledi.
Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Nasiba Sodiki öz çykyşynda häzirki dünýä şertlerinde halklary ýakynlaşdyrmakda taryhy-medeni gymmatlyklaryň ähmiýetiniň örän uludygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny dikeltmek, döwrebap ösdürmek babatda döwlet derejesinde maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn uly ornuň degişlidigini nygtap, Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryndan birnäçe bendi labyzly okap berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini, halkara derejesinde geçirilýän şu günki maslahatyň munuň aýdyň mysalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem şu ýyl «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna eýerilip taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň akyldar şahyryň ady bilen berk bagly ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrandygyny uly buýsanç bilen belledi.
Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Halkara işler, goranmak, howpsuzlyk we migrasiýa baradaky komitetiniň agzasy Mirgul Omurzakowna Temirbaýewa Türkmenistan we Gyrgyz döwletleriniň arasynda ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini aýdyp, Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň şanyna dabaraly maslahatlaryň geçirilýändigini, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dürli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň wideoýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini dabaralandyran, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan hormat-sarpanyň nyşanydygyny, Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açar diýip belledi.
Maslahata gatnaşyjylar şeýle halkara çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda medeni, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, parlamentara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmeginde möhüm ähmiýetini bellediler.