415
Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili boýunça enjamlaşdyrmak Taslamanyň çäginde döwrebaplaşdyrylan ýörite synp otaglarynyň ulanylyşa giriziliş dabarasy boldy. Bu taslama Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýörite maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.
Dabara Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, institutyň rektory, ýapon dili boýunça uly hünärmen Ito Hiroşi we onuň kömekçisi Kasu Naruhito, şeýle hem ýapon dilini öwretmek bilen meşgullanýan beýleki hünärmenler gatnaşdylar. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.
Bu taslamanyň çäginde institutyň ýörite otaglarynyň üçüsi doly döwrebaplaşdyryldy. Otaglar terjime stendi, kompýuterler, printerler we telewizor, şeýle hem göni terjime programma üpjünçiligi ýaly enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.
Otaglaryň hemmesi audiowizual materiallary ulanmak bilen dil öwretmek, bir wagtyň özünde terjime etmek we mugallymlar üçin ofis hökmünde ulanylar.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi öz çykyşynda ýapon dilini öwredýän mugallymlaryň we ýapon dilini öwrenýän talyplaryň täze enjamlaşdyrylan synp otaglaryndan netijeli peýdalanjakdyklaryna we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna umyt bildirdi.