256
22-nji we 23-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş raýatlar – harby gullugy geçýän, ýurdumyzyň önümçiliklerinde zähmet çekýän hem-de ýokary okuw mekdebe girmek isleýän we gyzyklanma bildirýän raýatlaryň ählisi üçin «Açyk gapylar» günleri geçirilýär.
«Açyk gapylar» günlerinde instituta gelenler ýörite taýýarlanylan diwarlyklar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasaty, ýurdumyzyň daşary-ykdysady aragatnaşyklarynyň işjeňleşdirilişi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän wideoşekiller bilen tanşarlar.
Guramaçylar dalaşgärlere DIM-niň HGI-da hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary baradaky giňişleýin maglumatlary bermegi maksat edinýärler, kompýuter, lingafon we interaktiw okuw otaglaryna, terjimeçilik otaglaryna, «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine, okuw studiýasyna, Durnukly ösüş baradaky ylmy-usulyýet merkezine, ýokary okuw mekdebiň düzümindäki Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkezine baryp görmegi teklip edýärler.
Paýtagtymyzdan we Ahal welaýatyndan bolan institutyň myhmanlary üçin çäre Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy salgysy boýunça DIM-niň HGI-de geçirilýär.
Welaýatlarda ýaşaýan dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günleri şonuň ýaly 22-nji we 23-nji aprelde aşakdaky okuw mekdeplerde guralýar:
– «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde (Balkan welaýaty);
– Türkmen oba hojalyk institutynda (Daşoguz welaýaty);
– Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda (Lebap welaýaty);
– Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (Mary welaýaty).
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+99312) 22-02-63, 22-68-45.
Dalaşgärleriň DIM-niň HGI-de «Açyk gapylar» günlerine gatnaşmak mümkinçiligine ozal eýe bolandyklaryny bellemek gerek. Myhmanlaryň ilkinji duşuşygy 8-nji we 9-njy aprelde DIM-niň HGI-niň wekilleri tarapyndan netijeli geçirildi. Okuwa girmek isleýän ýaşlar institutyň durmuşy, onuň häzirki zaman okuw binalarynyň döwrebap toplumy bilen tanyşdyryldy. Olar bu ýokary okuw mekdebiniň hödürleýän okuw maksatnamalary bilen tanyşdylar, fakultetleriň we kafedralaryň wekilleri bilen duşuşdylar hem-de okuwa girmegiň ähli meseleleri boýunça hünär derejesinde maslahatlary aldylar.