424
12-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýyl aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.
Olaryň teklipleri esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri guramaçylykly geçirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.