img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Bilim ministrligine ýolbaşçy edilip bellenildi

336

...

Prezident Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli Gurbangül Ataýewany bilim ministri wezipesinden boşatdy. Bu wezipä ozal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory bolup işlän Baýramgül Orazdurdyýewany belledi.

Degişli Permanlara anna güni 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekildi.

Hukuk ugrundan ýokary bilimi bolan Baýramgül Orazdurdyýewa zähmet ýoluny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallym bolup başlady. Soňlugy bilen, ol ýurduň bilim ministriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça orunbasary wezipesine bellendi. 2017-nji ýyldan bäri bolsa, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinde işledi.