350
Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylyna uly taýýarlyk işleri görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli täze bilim edaralaryny açmak ajaýyp däbe öwrüldi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagyny, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny açmak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar. Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirmek meýilleşdirilýär. 1-nji synpa okuwa barýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.
Aşgabat şäherinde baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny dabaraly açmak meýilleşdirilýär.