306
«Ampaire» kompaniýasy «Electric Eel» gibrid uçarynda goýan täze rekordyny yglan etdi. Uçar ýangyç guýmazdan, 12 sagatlap howada uçdy we takmynan ýene-de 2 sagatlyk uçuş üçin ýangyç we energiýa ätiýajy bilen gondy. Kompaniýanyň hünärmenleri munuň gibrid uçarlarynyň täze rekordy bolup durýandygyny belleýärler.
«Electric Eel» uçuş wagtynda Kaliforniýadaky Kamarilo howa menziliniň üstünden aýlanyp, 2 213 kilometrlik menzili külterledi. Emma uçuş aralygy we dowamlylygy, adaty «Cessna 337 Skymaster» modeliniň tehniki häsiýetnamasynda görkezilen bellikden — 1 200 kilometrlik ýoldan we 5 sagatlyk uçuşdan ep-esli geçýär.
«Electric Eel» — ýeňil goşa hereketlendirijili «Cessna» uçarynyň kämilleşdirilen görnüşi. Inženerler onuň öňdäki porşen hereketlendirijisini elektrik ulgamy bilen çalyşdylar. Iki güýç birligi düýbünden aýry we parallel işleýär. «Ampaire» tarapyndan berlen bahada «Electric Eel» akylly gibrid uçarynyň ýangyjyň sarp edilişini 50-70 % azaltjakdygy aýdylýar.
Aralyk we çydamlylyk ähli elektrik uçarlary üçin esasy kynçylyk bolup durýar. Inženerler gibrid uçarlarynyň ýangyç sarp edişini we zyňyndylary ep-esli azaltmak bilen, uzak aralyga uçmak boýunça täsirli aralyk çözgüdini emele getirýändigine ynanýarlar.