228
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Gurban baýramy goja Zeminiň uly bölegini toýhana öwrüp, dünýä halklarynyň köpüsinde şanly dabaralara beslenýär. Bu baýramda hemme adamlara, ýakynu-alysda ýerleşen adamzat ähline gowulyklaryň ýaran bolmagy arzuw edilip doga-dilegler edilýär, sadakalar berlip, parahatçylygyň, agzybirligiň, asudalygyň, rysgal-berekediň bolup durjakdygyna ynanylýar.
Gurbanlyk edýän halklaryň köpüsinde bu baýramyň öň ýanyndaky günlerde içerini, goş-golamlary tämizlemek, säher bilen gurban şor edip, täze lybas geýmek umumy däp-dessurlara öwrüldi. Munuň özi Gurban baýramynyň tämizligiň baýramydygyny aňladýar. Şonuň üçin gurbanlyk edilýän günleri ata-babalarymyz agzybirligiň, tämizligiň, halallygyň, eşretli ýaşaýşyň açary hasap edipdirler.
Mähriban watandaşlar, Gurban baýramynda berýän sadakalaryňyz, edýän doga-dilegleriňiz Hakyň dergähinde kabul bolsun. Öýlerde çaga gülkileri ýaňlanyp dursun. Galkynyşly zamanamyzyň her bir gününi toý-baýramlara besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy
Aýna Durdyýewa