img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Soçide GDA-nyň we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň (ÝYB) II Ýaşlar forumy geçiriler

2708

...

7-9-njy iýunda Soçide GDA we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň (ÝYB) II Ýaşlar forumy geçiriler. Çäräni Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentligi (Russiýa Federasiýasy) guraýar. Bu barada CentralAsia.news ulgamlaýyn neşiri Ýewraziýa ykdysady toparynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Foruma ýaş telekeçiler, döwlet edaralarynyň işgärleri, talyplar, ÝYB we GDA ýurtlarynyň öňdebaryjy ýaşlarynyň wekilleri gatnaşarlar. Gurultaýda ýaşlar telekeçiliginiň ösüşine badalga berjek kararlaryň işlenip düzülmegine we kabul edilmegine garaşylýar.

Bu çäre Ýewraziýa ykdysady toparyň we Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldawy bilen guralar.