img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

42

...

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň ösüşinde sanly ulgamyň we kompýuter tehnologiýasynyň döwrebap mümkinçilikleriniň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär, bu ugurda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň batly gadamlary bilen öňe barýar. Şeýle möhüm işlerde ynsanyň kämil bilimi, hünärmenleriň ylmy garaýyşlary wajypdyr. Şonuň üçin hem ylym-bilim ösdürilýär, kämil hünärmenler taýýarlanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň dürli ugurlary, esasan hem, sanly mümkinçilikleri has çuňňur öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Döwletimiz ýaş alymlary ylmy işlere hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary eder. Şeýle hem häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş alymlaryň kämilleşmegine uly üns berilýär, innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hem hünärmenleriň taýýarlygydyr. Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, tehnologik başlangyçlary we ylmy çözgütleri emele getirmäge şertleri döretmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek ýaly wezipeler esasy ugurlar hökmünde kesgitlenýär. Ýokary okuw mekdeplerinde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamakda möhüm işler alnyp barylýar, bu ugurda döwrebap bilimler özleşdirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryndan baş çykaryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişýärler.

Ylym-bilimiň ösüşi guwandyryjy netijä eýe bolýar, häzirki tehnologiýalar barha kämilleşýär. Şunda ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary örän ähmiýetlidir. Munuň özi ösüşleriň döwrebap bolmagyny, ylmy esasda alnyp barylmagyny üpjün edýär. Şeýle il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Azatnepes ANNANEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

"Mugallymlar"

11.11.2024ý. №91