img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak has hem elýeterli boldy

2783

...

2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap Türkmenistan we Rumyniýa ikitaraplaýyn esasda berilýän talyp haklarynyň mukdaryny artdyrdylar – diýip, Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Indi her ýylda her ýurtdan 50 stipendiýa bakalawriat maksatnamasy boýunça okaýan talyplar, 50 – magistrantlar; 5 – doktorantlar dalaşgärlik edip bilerler.

Berilýän stipendiýalaryň sanynyň artdyrylmagy Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlygyň täze Maksatnamasy tarapyndan göz öňünde tutulandyr. Resminama Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal we Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewa 26-njy maýda Aşgabatda gol çekdiler.

Iki ýurduň hem raýatlaryndan stipendiýalary almak üçin ýüz tutmalary kabul etmäge Türkmenistanyň we Rumyniýanyň bilim ministrlikleri ygtyýarlandyrylandyr.

 

 

Çeşme: https://orient.tm/tm/post/54150/turkmenistanyn-rayatlary-ucin-rumyniyanyn-yokary-okuw-mekdeplerinde-okamak-has-hem-elyeterli-boldy