img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

365

...

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden mugallymlar hem-de talyplar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ýaşlar syýasatynyň netijesinde ýurtda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanynyň bu kitabynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ösüşlerine goşant goşan ýaşlaryň atlarynyň girizilendigi, olaryň gazanan üstünlikleriniň bu eserde giňişleýin beýanyny tapandygy buýsanç bilen bellenildi.