img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýny 17-nji oktýabrda geçiriler

335

...

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýny 17-nji oktýabrda geçiriler. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar bilen geçirilýär. III möwsümiň I saýlama oýnunyň temasy bolsa «Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklar» diýlip atlandyrylypdyr. Gatnaşyjylar «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýnuna degişli okalmaly edebiýatlaryň sanawy bilen şu salgyda tanyşyp bilerler.