310
Şeýle bir bir kompozitorlar bolýar, olar öz döredijiligini haýsydyr bir ugra başbütin bagyş edýärler.Olaryň biri ähli kalby, ýüregi bilen aýdyma berilýär, beýlekisini simfoniki sazlar öz bendiwanyna öwürýär,üçünjisini bolsa saz teatry özüne çekýär. Şu babatda Nury Halmämedow sazanda hökmünde döredijilik gyzyklanmalarynyň giňligi we örän aýdyň hem-de köpgyraňly döredijilik talanty bilen haýran galdyrýar. Türkmeniň tanymal kompozitory Nury Halmämedowyň saz sungaty baý we dürli keşpli:simfoniýa,kamera-instrumental ansambllary,drama oýunlarynyň sazlarykinofilmler, hor üçin salar.Elbetde bulary Nury Halmämedowyň dürli žanrdaky döreden sazlarynyň doly sanawy hasaplamak bolmaz.
Geljekki pianist, özüniň bu ugurdaky döredijilik ädimleriniň ilkinji menzillerinde özüniň söýgüli guralyna az eserleri bagyşlamady. Fortepeiano eserleriniň üstünde köp wagtlap irginsiz işlemegi, Halmämedowyň geljekki aýdym döredijiliginiň gülläp ösüşlerinde çuňňur we köptaraplaýyn ähmiýeti boldy. Hut fortepiana eserlerini döretmegiň prosesinde kompozitor bu žanryň(aýdym)inçeliklerini,gysby saz häsiýetlenmesini öwran-öwran gaýtalaýardy. Suratkeşlik, psihologigiki, şekillendiriş we şol sungatyň anyk tilsimleri, oňa hiç hili deslapky gözlegleriň we tejribäni amal etmezden, oňa özüniň iň gowy aýdymlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Munndan başga-da Halmämedowyň fortepiamo eserlerinde aýdym sungatyny has-da kämilleşdiripdir.
Temalaryň dürli bolmagynyň we onuň wokal sazlaşma häsiýetine garamazdan,kompozitory hemişe wokal kamera eserleri özüne çekipdir.Halmämedow bu eserlerde ilkinji nobatda lirik hökmünde çykyş edýär. Ony lirikadaky özüne çekýän zat filosofik synçylyk we ýürek tolgunmalary bolupdyr.Saz döredijiligi onuň iň gowy görýän žanrlarynyň biri bolupdyr. Umuman alanyňda Halmämedow aýdym dünýäsinden uzakda bolmandyr. Romanslaryň, aýdymlaryň akgynly işjeňligini döredipdir.Kompozitor özüniň uzak bolmadyk ömründe köp sanly wokal(aýdym) eserlerini döretdi. Olaryň arasynda Geýnäniň, Ýeseniniň, ýapon şahyrlarynyň, şeýle-de Magtymgulynyň, Mollanepesiň, ýurdumyzyň häzirki zaman şahyrlarynyň goşgularyna aýdymlary, romanslary döretdi.
Halmämedow aýdym döredijiliginde oňa saýlap alaýn şygyrlaryna örän jogapkärli we eserdeňlik bilen garaýardy.Oňa aýratyn hem türkmen we daşary ýurt şahyrlarynyň-romantikleriniň lirikasy ýakyndy.Ol şygryýetiň sazlaşygyny:depginleriň, kapiýalaryň, sözleriň fonetikasyna, şahyrana sözleýşiň saz akymyna, sesiň galmagyna, dinamakysyna, sesiň peselmeginiň özara gatnaşygyny örän ýiti duýupdyr.Bu serişdeleriň ählisi saza garşy ýörelen ädim hem-de edebiýat bilen ýakynlaşmagyň işjeň prosesi boldy.Şygryýetiň emosional äheňini saz serişdeleri arkaly beýan etmeklik, kompozitoryň talantynyň has ýiti ýüze çykmagyna getiripdir.
Kompozitoryň Magtymgulynyň we Mollanepesiň ýokary filosofiki baý lirikasyna ýüzlenmegi ýöne ýerden bolmandy. Bu söz ussatlarynyň adamzadyň söz medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp şygyrlary kompozitoryň kalbyna söz bilen beýan edip bolmajak derejede ylhamy, joşguny, käte bolsa seriňi dumanladyp-dumanladyp gidýän tükeniksiz gam-gussany bagyş edýärdi.
Kompozitory klassyklaryň şygyrlarynyň emosional dartgynly gurşawy, beýan edilýän agramly pikirleriň aýlawy, şeýle-de psihologiki maglumatlaryň has köp derejesi özüne çekipdir. Halmämedowyň aýdym-saz döredijiliginiň ýokary kämilligi hem hut şu ýerde, şygryýetiň we sazyň özara utgaşmasy, ýagny olaryň biri-birine ysnyşykly siňip, bir bütewilige öwrülmegi bilen adam aňyna özgerdijilik ruhy salýanlygynda jemlenýär.
Nury Halmämedowyň döredijiliginde Magtymgulynyň şygyrlary aýratyn orun eýeleýär. Saz ussady döredijilik durmuşynyň bütin dowamynda özüniň söýgüli şhayrynyň goşgularyna ýüzlenipdir, onuň saz bilen baglanyşykly çeperçilik baýlygynda şygryýetiň täze-täze çäklerini açypdyr.Temanyň we ýordumyň,žanrlaryň we formalaryň köpdürliligi, sazda açylan duýgylaryň giň gerimlilligi, keşpleriň göwrümliligi,döredilen sazlaryň, aýdymlaryň Magtymgulynyň şygryýetiniň çuňluklaryny boýlap bilýän beýikligi bilen ony asyryň iň gözel saz eserlerini dörediji şahsyýet hökmündäki ykrarnamasyna getiripdir. Ussat Magtymgulynyň şygryýetini tutuş bir asyryň simwoly derejesine ýetiripdir.
Nury Halmämedow Magtymgulynyň şygyrlarynda güýçli aýdym-saz özakymlylygyny ýüze çykarypdyr we ony öz nepisligi bilen aýdyma geçiripdir. Bu eserlerde garmoniýa düşeginiň saz baýlygynda we köp tembrli fortepiananyň sazandarlyk etmeginde liriki gahrymanyň içki dünýäsi şöhlelendirilýär.Halmämedowyň lirikasynyň esasy güýji we ajaýyplygy onuň wokal ştrihinde(çyzygynda) şöhlelnýär.Nury Halmämedowyň sazlary adamzat sözleýşiniň inçe öwüşginlerini: aýdym,mynajat, dabarany öz içine alýar, şol bir wagtyň özünde diňleýji tarapyndan aňsatlyk bilen kabul edilýän halky ruhdadyr.Bir sazyň içinde Halmämedow dürli äheň platlaryny getirýär, has aýdyň sazlardan dramatizme çenli dürli beýan ediş tilsimlerini ulanýar.
Magtymguly Pyragynyň şygryýetiň ruhyna çuňdan siňdiren dünýä, älem, adamzat durmuşy bilen bagly uç-gyraňsyz oýlanmalaryň fillosofiki pikir dünýäsi Halmämedowyň saz äleminde ähli çuňlugynda we giňliginde özüniň çuňdan beýanyny tapýardy.Pyragynyň hatar gurap oturan daglaryň biri-biri bilen zemin giňişliginde utgaşyp gidýän dag ulgamlary ýaly, ötlem-ötlem pikirleriň giň gurşawyny öz içine alýardy.Ylmy filosofiki pikirleriň düýpsiz umman ýaly girdabyny boýlan şahyryň şygyrlarynyň ruhyna siňmeklik, munuň özi saz döredijiden ägirt uly ylmy taýýarlygyny, okumyşlygyny, şygry ýetiň in çeligini, saz äheňini inçelik bilen duýup bilmek ukybyny talap edýärdi.
Çünki Pyragy şygryýet äleminde bütewi adamzadyň aňyny köwsarladýan pikir giňişliginde öwrüm edý ärdi.Bu hadysa Nury Halmämedow üçin hem tanyş ýodady. Kompozitoryň döredijilik gurşawy hem Pyragynyňky kysym saz, söz äleminiň umumadamzat derejesindäki çuňluklary bilen serhetleşip gidýärdi. Ýönekeý halky şygryýetiň öz bendiwanyna öwürýän heň, owaz öwüşginlerinden başlap, nusgawy şygryýetiň hem-de oňa sazlaşykly äheňi, akgynlylygy, pikir çuňlugyny özüne siňdiren milli sazlaryň çeperçilik baýlygyny bar durkunda kalbyna, aňyna siňdiren kompozitoryň döredijilik gözlegleri öz menzillerinde adamzat aklyny haýrana goýup, onuň estetiki gözellik duýgularyny gandyran Mosartyň, Geýnäniň, Ýeseniniň eserlerine tarap uzap gidýärdi. Ol gözlegler çäksizdi, gözýetimde boýlap bolmaýan uzaklara ýaýylyp gidýärdi.Şonuň üçin Nury Halmämedowyň eserleri dünýä saz medeniýetiniň naýbaşy nusgasyna öwrülipdi.
Nury Halmämedowyň saz ussatlygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň aýdym-saz dünýäsiniň halky ruhyny has ýiti duýup bilýänligindedir.Kompozitor çagalykda türkmen aýdym-sazy bilen has ysnyşykly baglanyşykda bolupdyr.Bu bolsa onuň has soňra onuň öz döredijiliginde halk aýdymlaryna häsiýetli bolan äheňlerine ýüzlenmegine getiripdir.Bu onuň wokal döredijiligine asyllylygyň, päkligiň ruhyny siňdiripdir. Nury Halmämedowyň sazlary şahyran akeşplere örän baý.Ussadyň saz döredijilik giňişligi sada oba gyzynyň ýa-da bir çopanyň keşbinden başlap,ylym, akyl-parasat dünýäsi bilen gurşalan agras keşpleri hem öz içine alýar. Halmämedow öz sazlary üçin ähli ynsanlar, hatda ýönekeý bir adamyň ýüregine hem ornaşjak şahyrana eserleri saýlap alýar.
Mysal üçin kompozitor “üç desse’ atly eserinde bir türkmen gyzynyň keşbine we onuň keç ykbalyna ünsi çekýär.Kompozitor bu eserinde diňe bir şol gyzyň häsiýetlerini däl-de, eýsem onuň daşky gurşawyny suratlandyrmagy hem ussatlyk derejesinde başarýar.Daş-töweregindäki bolup geçýän pursatlaýyn zatlaryň ählisi, şol eseriň gahrymanynyň aňyndan eriş-agaç bolup geçýär. Bu bolsa gahrymanyň içki dünýäsini suratlandyrmak bilen, esere çeperçilik täsinligini we seýrek bitewiligi bagyş edýär. Kompozitor liriki gahrymany, onuň yzy biln diňleýjini jadylaýjy güýji bilen kökerip, öz dünýäsine äkidýär. “Üç desse” sikli kompozitoryň has uly we ähmiýetli üstünlige getirdi.Munda lirik Halmämedowyň köptaraply zehini doly açylýar.
Nury Halmämedowyň Pyragynyň hasratly monology bolup ýaňlanýan”Turupdyr pygan bilen” diýen romansy dramanyň jemleýji netijesidir. Bu romans bolup geçen rehimsizligi,paýhasly dananyň nalyşyny, dil bilen beýan edip bolmajak yzany özünde beýan edýär. Bu stildäki eserde hasraty, ýalňyzlygy, sada saz gurluşlary we çylşyrymly psihologiki nepis suratlary beýan edýän inçe saz epizodlary bar.Bu romanslar pelsepe we psihologiýa babatynda, şeýle-de wokal babatynda örän sazlaşyklydyr.
Romanslaryň we aýdymlaryň özlerine mahsus tapawutlanýan aýratynlygynyň bar bolmagyna garamazdan, ýerine ýetiriji üçin bir umumy we gymmatly häsiýete eýedir. Çünki bu eserler sesiň tebigatyny örän çuňdan aňlap bilýän we tanaýan ussat tarapyndan ýazylandyr. Bu eserler özüniň tebigaty nukdaýnazaryndan has çylşyrymly bolmagyna garamazdan, wokal babatynda ýerine ýetirijide hiç hili kynçylyklary döretmeýär.Ýöne olara düşünmeklikde ýerine ýetirijiniň paýhasly çemeleşmegini talap edýär.Köplenç goşgularyň gysga bolmagy, saz aňlatmasynyň hem has gysga bolmagyna getirýär. Hemişe nepisligiň, gözelligiň yşky bilen ýaşan kompozitor saz döredijiliginde has çuň pikir, duýgy bilen doldurylan, gysga sazlary ýazmaklygyň ussady hasaplanýar.
Çünki Halmämedowda söze çalt we inçeden düşünmekligiň ukyby bolupdyr.Bu bolsa oňa şygyr bilen has ysnyşykly gatnaşygy saklamaga mümkinçiligi döredipdir.Saz serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanmak bilen türkmen milli aýdymyny inçe kamera sungaty derejesine ýetirmegi başaran ussat ony has-da aýdyňlaşdyrypdyr.Halmämedowyň romanslary özüniň nepis heň öwüşgininiň nepisligi, ajaýyplylygy bilen haýrana goýýar(jadylaýar).Kompozitor sazda edermenlik, gahrymançylyk duýgularyny beýan etmegi göwün maksadyna öwrüpdir. Şeýle mazmunly eserlerde anyk çeperçilik okgunlylygyň bar bolmagynyň garamazdan, bu siklleriň häsiýetleriniň köp dürlüligine we saz häsiýetlerine oňaýsyz täsirini ýetirmän, gaýta ol eserleriň has täsirli bolmagyna getirýär.
Halmämedow halkdan alan çeperçilik baýlygyny ýene-de halka has baý we gymmatly görnüşinde gaýdyp berýär.Ussadyň beýan etme serişdelerini tygşytly ulananmak başarnygy hem-de olara örän aýawly çemeleşmeleri eserleriň çylşyrymlylykdan halas edýär. Bu eserler sadalygy, adaty pespälligi, özüniň käbir inçe ştrihleri(özboluşly aýratynlygy) bilen hakyky ussadyň, sungat kämiliniň jöwher zehininden gaýnap çykandygyny aýan edýär.Wokal sazlaşyklaryň fortepiano fakturasy hemişe sada we aýdyň.Ol hiç wagt sesi basmaýar(gapmaýar) we hemişe şahyrana oýlanmanyň aýdyň görnüşde beýan edilmeginiň tarapdary bolup hyzmat edýär.Sesiň äheňinde bolşy ýaly, Halmämedowyň döredijiliginde sazandarlyk fakturasyna köp sanly aýratynlyklar:nepis we mylaýym sesleri, garmoniki(sazlaşykly) öwrümleri,oňa goşulýan sesi (pod golos) degişlidir. Bularyň ählisi ajaýyp , özboluşly polifoniki düşegi emele getirýär.Şygryň mazmunyna görä, kompozitor fortepiana sazandarlygy üýtgedýär,kähalatlarda ol dutaryň sesini ýatladýar,bu bolsa diňleýjileriň göz öňünde tipiki halk sazlarynyň janlanmagyna getirýär, toý meýlislerinde ýerine ýetirilýän halkyň söýýän aýdymlary gulagynda ýaňlanýar.
Öz watanynyň tebigatyny has içgin duýmagy , halkyň adaty durmuşy bilen ýaşamagy, türkmen halkynyň söýýän liriki häsiýetleri bilen ýakyndan tanyş bolmagy kompozitory öz döwürdeşlerinden tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklaryň biridir.Nury Halmämedowyň özüniň naýbaşy eserlerinde millilik äheňini dogry duýup bilmek ussatlygy, oňa bolan halkyň beýik söýgüsini, ägirt uly sarpasyny bagyş etdi.Kompozitoryň ady we onuň ajaýyp eserleri halk hakydasynda mydamalyk güzer tapdy.
Nury Halmämedow aýdym-saz döredijiligindäki ussatlygy bilen sungat kämilliginiň iki žanrynyň,şygyr bilen sazyň özara sazlaşykly ösüşine güýçli itergi berdi.Halmämedowyň aýdym lirikasyna mahsus bolan aýdyňlygy, açyklygy hem-de onuň sada keşpdäki beýanyny kompozitoryň iň uly üstünligi hasaplamak bolar.