267
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormetly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli mirasy, ruhy-medeni gymmatlary hem-de dünýä meşhur edebi ýadygärlikleri ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. 2024-nji ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy bolsa Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine goýulýan beýik sarpadan nyşandyr.
Häzirki döwürde giň gerimde alnyp barylýan Magtymgulynyň döwrüni, ömrüni, döredijiligini we filosofiýasyny öwrenmek, çapa we neşire taýýarlamak işleri öz gözbaşyny baryp, XIX asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. Bu uly işiň başyny başlanlar esasan jahankeşde alymlar bolupdyr. Olardan polýak syýahatçysy Aleksandr Hodzko-Boreýkonyň, wenger gündogarşynasy Armeniý Wamberiniň atlaryny hormat bilen ýatlamak bolar.
1804 — 1891-nji ýyllarda ýaşap geçen polýak jahankeşdesi we ýazyjysy Aleksandr Hodzko-Boreýko XIX asyryň 30-njy ýyllarynda Orta Aziýa syýahat edipdir. Ol Magtymguly Pyragynyň, Mämmetweli Keminäniň käbir goşgularyny hem-de «Görogly» şadessanyndan bölekleri il içinden ýygnap, alyp gidipdir. Soňra alym bu eserlerini iňlis diline terjime edipdir. Aleksandr Hodzko bu terjimelerini 1842-nji ýylda Londonda çap edilen “Specimens of popular Persian poetry” (Persiýanyň meşhur poeziýasyndan nusgalar) atly kitabynda ýerleşdiripdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň gysgaça terjimehaly hem-de 3 sany goşgusy iňlis dilinde çap edilipdir. Bu beýik iş akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny dünýä ýüzünde tanatmakda durmuşa geçirilen iň ilkinji ädim bolupdyr.
Arminiý Wamberi (1832-1913) hem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny toplamakda, öwrenmekde we okyjylara ýetirmekde uly işler bitirenleriň biridir. Ol XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa, hususan-da türkmen topragyna başdan-aýaga syýahat edýär.
Syýahatçy, alym, gündogarşynas we türkolog Armeniý Wamberi başyndan geçiren ähli wakalaryny, hemme gören-eşidenlerini 1863-nji ýylda neşir edilen “Orta Aziýa syýahat” atly kitabynda jemleýär. Ol öz kitabynda: «Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy örän gyzykly. Onda bir tarapdan türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinji tarapdan beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar» diýmek bilen, söz ussadynyň şygyrlaryndaky pikir-ideýalaryň has inçe berilýändigini nygtapdyr.
Armeniý Wamberi 1879-njy ýylda Leýpsing şäherinde Nemes Gündogar Jemgyýeti ýygyndysynda «Türkmenleriň dili we Magtymgulynyň diwany» diýen at bilen türkmen diline, edebiýatyna, Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine we dünýägaraýşyna bagyşlanan makalasyny çap etdirýär. Gündogarşynas alym bu makalasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada maglumat berýär. Alym Magtymgulynyň jemi 40 töweregi şygryny neşir etdirýär. Şahyryň 30 goşgusyny tutuşlygyna, 10 goşgusyny bolsa bölekleýin türkmen hem nemes dillerinde çap edýär.
Jahankeşde alymlarynyň bu hyzmatlary Gündogar bilen Günbataryň özara ylmy we medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini giňden wagyz etmek arkaly bu gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Bu döwletli işler biz — aragatnaşyk ulgamynyň işgärlerini hem buýsandyrýar. Şonuň üçin “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli aragatnaşyk ulgamynda hem birnäçe medeni köpçülikleýin çäreler geçirilýär.
Milli medeniýetimiziň, edebi mirasymyzyň goralyp saklanmagy we ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, hormat-sarpasynyň bütin Ýer ýüzünde barha artmagy halkymyzyň milli ruhunyň has-da belende galmagynyň aýdyň kepili bolup durýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!