97
Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde “Inženerçilik bilimi: Kynçylyklar, ugurlar, iň oňat tejribe” atly halkara konferensiýasy geçirildi.
Çärä ylym we bilim wekilleri, şeýle hem ýokary inženerçilik biliminde gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak we inženerçilik we tehnologik derslerde okatmagyň we öwrenmegiň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen akademiki jemgyýetdäki gatnaşyklary güýçlendirmek üçin dürli ýurtlardan ýokary okuw jaýynyň hyzmatdaşlary gatnaşdylar. CDIO standartlarynyň bilim maksatnamasynda ulanylmagyna, şeýle hem emeli aň baradaky soraglara we durnukly ösüşe aýratyn üns berildi.
Türkmenistandan konferensiýa Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Nanotehnologiýalar we materiallary öwrenmek kafedrasynyň uly mugallymy Mukam Ekäýew gatnaşdy. Konferensiýada Singapur we Malaýziýa ýaly ýurtlaryň inženerçilik we tehnologiýa pudagyndaky öňdebaryjy uniwersitetleriň tanymal alymlary we professorlary çykyş etdiler, şol sanda umumy mejlislere gatnaşyjymyzyň tanyşdyrylyşy boldy. Maslahatyň ilkinji günleri strategiki kärler, taslamany dolandyrmak, inženerçilik dizaýny we durnukly bilim tehnologiýalary, şeýle hem inženerçilik bilim usulyýeti we CDIO standartlaryny iş ýüzünde ulanmak boýunça master sapaklary öz içine aldylar.
Umymy mejlisde Gazagystan, Malaýziýa, Singapur, Russiýa, Günorta Koreýa, ABŞ, Beýik Britaniýa we Türkmenistan ýaly dürli ýurtlaryň uniwersitetleriniň rektorlary we professorlary çykyş etdiler. Konferensiýadan soň gatnaşyjylara uniwerisitetiň merkezlerine we barlaghanalaryna gezelençler guraldy. Çäräniň dowamynda inženerçilik bilimini senagat ösüşi üçin özgertmek, inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak, inženerçilik bilimindäki halkara başlangyçlar, inženerçilik işgärleriniň sertifikaty we häzirki zaman bilim tehnologiýalary baradaky soraglar ara alyp maslahatlaşyldy.
CDIO (Conceive (Pikirlenmek), Design (Taslamak), Implement (Öndürmek), Operate (Dolandyrmak)) 35 ýurtdan 200-den gowrak ýokary okuw jaýlary jemleýän, innowasion inženerçilik bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň halkara ulgamy. Bu başlangyç “Pikirlenmek – Taslamak – Öndürmek – Dolandyrmak” modeli boýunça talyplaryň inženerçilik ugurlaryny öwrenýän bilim maksatnamasyna esaslanýar daşary ýurt bazar üçin hakyky ulgamlary we önümleri döretmek.
CDIO çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek türkmen wekilýetiniň Gazagystana eden saparynyň esasy maksadydy we iş toparymyzyň konferensiýa çagyrylmagy inženerçilik we tehnologiki bilimi ösdürmek islegini nygtaýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Merkezi Aziýada 2023-nji ýylyň mart aýynda CDIO guramasynyň doly agzasy hökmünde kabul edilen ilikinji uniwersitet bolandygyny bellemek wajypdyr. Bu uniwersitet akademiki we ylmy taýdan kämillige ygrarlylygyny öz ýurdynda we daşary ýurtlarda ylmy-amaly we bilim çärelerine gatnaşyp, işjeňligini görkezýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.