img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Innowasiýa maglumat merkezi “Project management”-e  esaslanýan täze onlaýn ulgamyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi

273

...

Häzirki wagtda hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrma işlerine degişli işler ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hem ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri üçin  bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga degişli bolan, öz hünärmenleri tarapyndan kämilleşdirilip düzülen “Project management”-e  esaslanýan täze onlaýn ulgamynyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi.

Maslahata paýtagtymyzyň 20 - den gowrak orta hünär bilim edaralaryň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri gatnaşyp, olara Innowasiýa maglumat merkeziniň ýolbaşçysy we hünärmenleri tarapyndan ulanylyşa girizilmegi meýilleşdirilýän “Project management”-e esaslanýan, onlaýn platformanyň işleýiş tertibi tanyşdyryldy we gatnaşýanlaryň täze onlaýn platforma baradaky teklipleri we bellikleri diňlenildi.

“Project management”-e esaslanýan, bu platforma dünýä standartlaryna laýyk gelip, onuň bilim ulgamyna işe girizilmegi bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga, bilim edaralaryň  arasynda resminamalaryň dolanyşyk işlerini has hem kämilleşdirer we amatlaşdyrar. Onuň kömegi bilen işiň ýerine ýetirilişini aňsatlyk bilen yzarlamak, işiň netijesi barada hasabatlary ýygnamak, taslama işleriň ýerine ýetirilişini analitika we grafik arkaly gözegçilikde saklamak ýaly mümkinçilikler elýeterli bolýar.

Mundan başga-da E-resminama dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi barada giňişleýin gürrüň edilip, ýokary okuw mekdepleriň degişli hünärmenleri tarapyndan degişli bolan ähli gyzyklandyrýan soraglaryna jogap berildi we olaryň bu barada teklipleri bellige alyndy. 
Maslahaty jemlemek bilen, Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri, bilim edaralaryň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça dowamly işleşmek barada netijä geldiler.