img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Halkara olimpiadadaky üstünlikli çykyşlar

19

...

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça IV halkara olimpiada geçirildi. 36 döwletden 600 töweregi ýaşlar gatnaşan bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Halkara olimpiada daşary ýurtlardan gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan 56 talybyň arasynda türkmenistanly ýaşlaryň bäsleşigiň ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, hukuk, halkara gatnaşyklar ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklary bilen ýokary netije gazanandyklaryny aýtmak ýakymlydyr. Şunda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa ykdysadyýet ugry boýunça birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Täjimyradow maglumat howpsuzlygy, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsenem Nuryýewa ykdysadyýet, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaimow bolsa halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça ikinji orunlara mynasyp boldular.

Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylary we talyplar meýilnama laýyklykda, dürli çärelere, umumy sapaklara, interaktiw seminarlara, wiktorinalara, rus halk oýunlarynyň festiwalyna, «Sibir halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary» atly serginiň açylyşyna hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşdylar.

Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada 2021-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň we RF-niň Hökümetiniň howandarlygynda geçirilýär.

Olimpiada gatnaşan talyplar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle halkara bäsleşiklere gatnaşmaga ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

"Türkmenistan"

15.10.2024ý. №266

Çeşmesi: Turkmenmetbugat