img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

GELJEKKI HÜNÄRMENLER

145

...

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen geljekki hünärmenler täze okuw ýylyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Biz hem şeýle ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris:

Nowruz NURBERDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünäriniň magistri:

— Yhlasyň ýerine düşende ganatlanyp uçuberesiň gelýär. Talyp döwrümde kitaplardan bilmeýän sowallarymyň jogaplaryny gözläp, gör, näçe «çorba sowadypdym». Bu ugurda üstünliklere ýetmegime talyp döwrümde gazanan tejribelerim uly goldaw berdi. 2023-nji ýylda howanyň üýtgemeginiň jemgyýete ýetirýän täsiri we ýaşlaryň bu mowzuk boýunça pikir-garaýyşlaryny öňe sürmek we täzeçil çözgütleri oýlap tapmak maksady bilen guralan ÝUNESKO-nyň 13-nji Ýaşlar forumyna gatnaşmak miýesser etdi.

Bu gün bolsa öz saýlan hünärim boýunça türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünäriniň magistri boldum. Ata-babalarymyz: «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýip, örän ýerlikli belläpdirler. Käriňi söýmek kämillige ýetirýär. Hukuk hünäri boýunça alan bilimi mi has-da çuňlaşdyryp, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň berkemegine mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişeris.

Aýlar NOWRUZOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika-bilimi (iňlis dili) ugrunyň 1-nji ýyl talyby:

— Synaglara ykjam taýýarlyk görmegim maňa hem maşgalama şatlyk getirdi. Ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdebinde bilim almak, hünär öwrenmek, Bilimler we talyp ýaşlar gününi «institutyň 1-nji ýyl talyby» diýen at bilen garşylamak diýseň ýakymly. Mekdepde okaýan döwrümden bäri iňlis dilini içgin öwrenmäge çalyşýaryn. Bu ugur boýunça mekdebimizde geçirilýän her bir çärä işjeň gatnaşdym. Birnäçe gezek şäher derejesinde guralan bäsleşiklerde ýeňiji boldum.

Meniň çagalygymdan kalbymda beslän arzuwym hasyl boldy. Gahryman  Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlara edýän öwüt-ündewlerini şygarymyza öwrüp okarys, öwreneris, dörederis.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda özüm ýaly talyp bolan ähli ýaşlary tüýs ýüregimden gutlaýaryn.

Şöhrat REJEPOW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersite tiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby boldum. Bu bagta eýe bolmagymda okuw dersleri boýunça taýýarlygym bilen birlikde, sportda gazanan üstünliklerim uly goldaw berdi. 2013¬nji ýyldan bäri uşu-sanda bilen gyzyklanýaryn. Sportuň bu görnüşi boýunça Hytaýda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda 2023-nji ýylda geçirilen halkara ýaryşlarda öňdäki orunlara eýe boldum. Türkmenistanyň açyk birinjiliklerinde hem açyk çempionatlarynda, döwletimiziň we paýtagtymyzyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda, Aşgabat şäheriniň çempionatynda yzygiderli ýeňiş gazandym.

Hakykatdan-da, yhlas etseň, işiň rowaç bolýar. Öz kärimi söýüp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de gülletmäge goşant goşmak meniň baş maksadymdyr.

Päkize ATAKAÝEWA, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň animasiýa we grafika dizaýny hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Şu ýyl durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Giriş synaglardan üstünlikli geçip, talyp adyna eýe bolanymda yhlasymyň, zähmetimiň ýerine düşendigine diýseň begendim. «Berekella! Geçdiň!» diýen sözleri eşidenimde gözlerime ýaş aýlandy.

Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdepde okaýan döwrümde sapaklaryma oňat ýetişmäge çalyşdym. Dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdym. 2022-nji ýylda «Altyn asyryň — altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde rus dilinden döwlet derejesinde III orna mynasyp boldum. Munuň özi maňa okamagyň, öwrenmegiň hemişe gerekdigini, arzuwlaryň wysal tapmagy üçin maksada okgunly bolmalydygyny ýene bir ýola aýan etdi.

Geljekde ukyp-başarnygymy, bilim derejämi artdyryp, bar ünsümi saýlap alan hünärimi kämilleşdirmäge gönükdirerin.

Nurana ÝAGMYROWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň animasiýa we dizaýn hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby bolmak barada eden arzuwlarym wysala gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Men hem suratkeş bolup, ajaýyp eserleri döredip, Watanymyzyň gözelligi ni sungatyň üsti bilen wasp etmek isleýärin. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär, şol ynamy ödemek üçin köp okap, öz hünärimizi kämil ele aljakdygymyza ynandyrýaryn.

Özüm ýaly talyp bolmak bagty miýesser eden deň-duşlarymy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şeýle-de ähli ýaşlaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýaryn.

Merjen ÝAZLYÝEWA, 

“Watan”

31.08.2024ý. №70