9
Noýabr aýynyň 22-ne Istambul kongres merkezinde Türkiýäniň Energetika ministrliginiň howandarlygynda Anadolu agentligi tarapyndan guralan Istambul energetika forumy geçiriler. Forum dünýäniň energetika ministrlerini, halkara guramalaryň wekillerini, alymlary we pudagyň öňdebaryjy liderlerini dünýä energetikasynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär.
Forumyň şygary – «Umumy geljek, umumy maksatlar». Gatnaşjylar energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkiýäniň ornuny, energetika geçişini maliýeleşdirmek strategiýalaryny, nebit we gaz bazarlarynyň ösüşini hem-de energetikanyň täze tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar we beýleki ýokary derejeli wekiller ýörite sessiýa gatnaşarlar.
Mundan başga-da, Baýraktaryň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek ýokary derejeli maslahatda Türkmenistanyň, Azerbeýjanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Moldowanyň, Liwiýanyň, Russiýanyň we Serbiýanyň energetika ministrleri çykyş ederler. Forum Türkiýäniň nebit we gaz geçirijiler boýunça korporasiýasy (BOTAS) tarapyndan guralýan sessiýalar, şeýle hem täze tehnologiýalar we energetika geçişini maliýeleşdirmek baradaky maslahatlar bilen dowam eder.