170
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, kämilligiň gözbaşy hasaplanýan daşary ýurt dillerini öwrenmek esasy orunda goýulýar. Ýokary we orta mekdeplerimizde bilim alýan ýaşlara, esasan, türkmen, iňlis dilleri has ýokary derejede öwredilýär. Bu ugurdan guralýan sapaklar ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär.
Ýaşlara öwredilýän dünýä dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Iňlis dilini bilmek, onuň inçe taraplary barada okuwçylara düşündirmek okuwçylarda bu derse bolan höwesi artdyrýar. Çagalar bagynda iňlis dili öwredilende, ilki bilen, suratlar arkaly işlemegi hem göz öňünde tutup bolar. Çagalar bagynda iňlis dilini öwretmek örän netijelidir. Çünki çagalara şol döwürden iňlis diliniň sözleri öwredilse, bu olaryň aňyna örän berk ornaşýar. Şonuň üçin hem iňlis dilini okatmagyň, çagalara öwretmegiň hem özboluşly usullary bar. Bu ýaşdaky çagalara, esasan, suratlar, ertekiler arkaly dil öwretmek mümkin. Soňra bolsa olara iňlis dilinde sanamagy öwretmek hem täsirli bolar. Bu olarda iňlis diline gyzyklanmasyny artdyrar.
Suratlar bilen işlemek, şeýle hem kompýuter enjamlary, interaktiw tagtalar arkaly dil öwretmek häzirki döwrüň ösen derejesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kompýuter we beýleki kämil enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdeplerimiz, çagalar baglarymyz bu mümkinçilikleri berdi. Şonuň üçin hem şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek esasy wezipämizdir.
Iňlis dili sapagynda kitaplardan we lingafon otagynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly okuwçylara bilim berilýär. Häzirki döwürde dil öwretmegiň dürli ugurlary, usullary barha kämilleşýär. Şonuň üçin hem ylmy edebiýatlara ýüzlenenimizde birnäçe dil öwretmegiň usullaryna gabat gelýäris. Biz şeýle döwrebap hemde kämil usullaryň iň gowusyny saýlap almalydyrys. Bu babatda bilim işgärleriniň, mugallymlaryň hem ösen tejribesiniň bardygyny belläsimiz gelýär. Ynha, interaktiw tagtalarda prezentasiýa usulynda geçilýän sapaklar aýratyn bellärliklidir. Bu usul okuwçylaryň iňlis dilini öwrenmeklerini ýeňilleşdirýär. Esasan hem, interaktiw tagtada iňlis dilindäki sözleriň dogry ýazylyşyny görkezmek gerek. Bu okuwçylara sözleri dogry okamaga we dürs aýtmaklaryna ýardam berýär. Şonuň üçin hem bu usullary ulanmak we ösdürmek biziň mukaddes wezipämiz bolup durýar.
Görşümiz ýaly, ýaş nesillere çagalar bagyndan başlap, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde iňlis dili yzygiderli öwredilýär. Bu olaryň dünýä dillerine bolan gyzyklanmasyny artdyrýar we kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilikleri döredýär.
Aýgül HATAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 31-nji orta
mekdebiň mugallymy.
«Mugallymlar gazeti».
09.09.2024. № 73.
Çeşmesi: Turkmenmetbugat