2913
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde çagalar üçin ekologiýa çäresi geçirildi.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ekologik bilimini, terbiýesini, medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu çärä paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary, çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalar gatnaşdylar.
Çärede dürli oýunlar, ertekiler arkaly çagalara ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi, ýaşaýyş aýratynlyklary, şeýle hem, olary gorap saklamagyň we dikeltmegiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de, çagalara dürli otag ösümliklerine we öý haýwanlaryna ideg etmek boýunça amaly endikler öwredildi.
Ýeri gelende bellesek, «UI Green Metric» dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleri bahalandyrýar.
Çeşme: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/asgabatdaky-uniwersitet-cagalar-ucin-ekologiya-caresini-gecirdi-281a2d