img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

BILIMLI NESIL — WATANYŇ GELJEGI

257

...

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň, uzak möhletli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim edaralarynyň işi milli ýörelgelere we öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda barha kämilleşdirilýär.

Ak mermerli paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem golaýlap gelýän täze okuw ýylyny guramaçylykly garşylamak üçin taýýarlyk işleri geçirildi.

Ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäheriniň bilim edaralarynda, şol sanda 146 sany orta mekdepde we 189 sany çagalar bagynda ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, olar täze okuw ýylyna doly taýýar edildi. Okuwçylaryň 1-nji sentýabrdan başlap döwrebap, häzirki zaman şertlerinde bilim almagy üçin ähli şertler döredildi. Şu ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 1-nji synpa kabul edilen 17 müň 864 okuwça «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri sowgat berler.

Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasynyň meýilnamasyna laýyklykda, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň gerimini giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär. Täze okuw ýylynda paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 52-si hereket eder hem-de olaryň 33-sinde daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler.

Bilim ulgamyny döwrebap guramakda okuw mekdeplerini hünärmenler bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde bilim edaralaryny mugallymlar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň bilen baglylykda, 2024-2025-nji okuw ýylynda pedagogik ugurly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlaryň jemi 1 müň-den gowragy paýtagtymyzyň bilim edaralaryna işe ýollanyldy.

Şu ýylyň dowamynda jemi 1650 sany bilim işgäri pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerindäki hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetlerinde, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda, Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky Hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde guralan okuwlara gatnaşdylar.

Bilim edaralarynyň okuw kitaplary, okuwusuly gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilmegine, olaryň aýawly saklanylmagyna, netijeli peýdalanylmagyna, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web saýtlaryny döretmek, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

2023-2024-nji okuw ýylynda paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary halkara olimpiadalarda, döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 57 medala, şol sanda 11 altyn, 17 kümüş, 29 bürünç medala, halkara internet bäsleşiginde 2 altyn medala, 119 sany I, II we III derejeli diplomlara mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda Gazagystan Respublikasynda geçirilen 20-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen iňlis dili dersi boýunça halkara bäsleşikde, Bolgariýanyň Warna şäherinde geçirilen BMO-2024 matematika olimpiadasynda, Litwa döwletiniň Wilnýus şäherinde geçirilen VILIPO-2024 (Wilnýus halkara taslama olimpiadasy) taslama bäsleşiginde, Özbegistan Respublikasynda geçirilen AVICENNA adyndaky halkara biologiýa, şeýle-de Muhammet Al-Horezmi adyndaky Ýaşlaryň halkara matematika olimpiadalarynda, Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen ýaş mekdep okuwçylarynyň 28-nji Balkan matematika olimpiadasynda, Russiýa Federasiýasynyň Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara ylmy fizika olimpiadasynda (International Scientific Physics Olympiad, ISPhO), Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bat şäherinde geçirilen 65-nji halkara matematika olimpiadasynda, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş innowatorlar» atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda öz zehin-başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlary eýeländiklerini bellemek buýsançlydyr.

Paýtagtymyzda ýerleşýän orta mekdeplerde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders hem-de taslama bäsleşigi, ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşikleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi, şeýle-de 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz» diýen at bilen döredijilik bäsleşikleri, umumybilim berýän mekdepleriň kiçi ýaşly okuwçy gyzlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024», mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda daşary ýurt dilleri boýunça «Berekella, pälwanlar!», «Körpe wäşiler», «Dil bilen dünýäni gezer», «Diller — dostluk köprüsi» atly bäsleşikler, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarda ýaňlansyn elmydam çaga gülküsi!», «Arkadag Serdarly bagtyýar nesiller — Watanyň guwanjy» atly aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat bilim işgärlerini hem-de nusgalyk işler ýola goýlan göreldeli bilim edaralaryny ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynda Aşgabat şäheriniň orta we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň, çagalar bakja-baglarynyň birnäçesi, ussat bilim işgärleri baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, geljekde hem beýik maksat üçin — Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak üçin yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we gurmak bagtyýar nesillerimiziň belent borjy bolmalydyr» diýen sargydyny goldanyp durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bilim ulgamynyň işgärlerinde egsilmez buýsanç duýgusyny oýarýar. Ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri terbiýelemek üçin zehin-başarnygymyzy aýaman, netijeli we jogapkärçilikli zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Milli bilim ulgamyny halkara derejede kämilleşdirmek ugrundaky nusgalyk işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.

Baýrammyrat ANNAÝEW, 

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.

"Türkmenistan"

29.08.2024ý. №218